Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow duýdansyz iş sapary bilen Ak bugdaý etrabynda boldy


Änewe barýan ýol. Türkmenistan. Arhiw suraty. Illýustrasiýa
Änewe barýan ýol. Türkmenistan. Arhiw suraty. Illýustrasiýa

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 31-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň öňki dolandyryş merkezi bolan Änew şäherine duýdansyz iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy fewralda maglumat berdi.

Iş sapary güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda geçirildi. Duýdansyz saparyň öňüsyrasynda, güýç gulluklary ýerli ýaşaýjylaryň arasynda duýduryş işlerini geçirip, tötänden prezident bilen duşuşan halatlarynda, onuň ýanynda özlerini alyp barmagyň düzgünleri bilen ýerli ilaty tanyş etdiler.

“Eger prezident awtoulagda barýarka ýerli ýaşaýjylara gözi düşäýse, olardan öz garaýyşlaryny ýumşatmaklyk, hoşamaý garaýyş bilen prezidente seretmeklik, nägile garaýyş bilen seretmezlik, gaty gürlemezlik, ýa-da beden dili bilen prezidente özleriniň arz-şikaýatlaryny ýetirjek bolmazlyk tabşyryldy. Ýerli ýaşaýjylara prezidentiň ýüzüne dikanlap seretmezlik buýruk berildi” diýip, howpsuzlyk çärelerinden habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Aslynda, ýerli ýaşaýjylara 3-4 sagatlap öýlerinden, howlularyndan daşaryk çykmazlyk tabşyryldy.

Prezidentiň Ak bugdaý etrabynyň merkezine, Ahal welaýatynyň öňki dolandyryş merkezine amala aşyran saparynyň dowamynda şähere imisalalyk aralaşdy, ümsümlik boldy.

Hojalyklardaky iri we ownuk şahly mallar, sapar tamamlanýança, ammarlarda, ýa-da garažlarda, umuman, ýapyk binalarda saklanylmaly edildi.

Duýdansyz saparyň edil öňüsyrasynda, şäherde başga-da tabşyryklar amal edildi. Meselem, ýaşaýyş jaýlarynyň, howlularyň daş ýüzüni ak reňke, derwezeleri bolsa ýaşyl reňke boýamaklyk talap edildi. Jaýlaryň derwezelerini reňklemek işlerine duýdansyz saparyň başlamagyndan 1-2 gün öň girişildi. Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri hem howly jaýlarynyň derwezelerini boýamak işlerine çekildi.

Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenistanyň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden karary bilen Arkadag şäherine geçirildi. Ondan ozal, sebitiň edara ediş merkezi Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheri bolupdy.

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda Arkadag şäheri hakynda 13 maddalyk ýörite kanun kabul edilip, bu şähere “döwlet ähmiýetli şäher” statusy berildi.

Änew şäheri 2022-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl üçin “türki dünýäsiniň medeni paýtagty” yglan edildi.

“Prezident özüniň indiki saparyna çenli, Änew şäheriniň durkunyň täzelenilmegini, onuň Türkiýe döwletiniň şäherlerine çalymdaş bolmagyny talap edipdir” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Gäwers düzlüginden bir pursat. Arhiw suraty. 2014 ý. Illýustrasiýa.
Gäwers düzlüginden bir pursat. Arhiw suraty. 2014 ý. Illýustrasiýa.

“Ähtimal, geljekde Türkiýe döwletiniň prezidentiniň Änew şäherine sapar etmegine garaşylýandyr” diýip, çeşme çaklady.

Ak bugdaý etraby Aşgabat şäheriniň gündogar eteklerinde ýerleşýär. Etrabyň ekin meýdanlarynyň agramly bölegi Gäwers düzlüginde ýerleşýär. Änew şäheri we Ýaşlyk, Bagabat hem-de Berkararlyk şäherçeleri Ak bugdaý etrabynyň düzümine girýär.

Döwlet ýolbaşçysynyň 31-nji ýanwarda Ak bugdaý etrabyna amala aşyran sapary Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilmedi.

Döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda welaýat merkezlerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, şeýle-de howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Prezident Berdimuhamedowyň Änew şäherine amala aşyran duýdansyz saparynyň dowamynda şäherdäki ýaşaýyş jaýlaryna birsydyrgyn timar berildi, jaýlaryň daş ýüzi ak reňke, ähli derwezeler ýaşyl reňke boýadyldy.

Ýöne prezidentiň kakasy, öňki prezident we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow has ozal, 2019-njy ýylyň martynda Aşgabat şäherinde gurlan bir ýaşaýyş massiwiniň taslamasy bilen tanyş bolanda, binagärçilik işinde “birsydyrgynlykdan we birmeňzeşlikden gaça durmagy” tabşyrypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG