Aşgabatdaky edara-kärhanalarda işleýän işgärler aprel aýynyň başynda bank kartlaryna geçirilen aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär, Balkan sebitinde ýogalan pensionerleriň pensiýa pullaryny almak, pensionerleriň iş ýyllaryny galplaşdyrmak bilen bagly ýagdaýlar derňelýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Paýtagtdaky we onuň töweregindäki edara-kärhanalaryň işgärleri, aýlyk zähmet haklarynyň bank kartlaryndaky hasaplaryna geçirilendigine garamazdan, öz hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyryp bilmän kösenýär, kynçylyk üstüne kynçylyk, adamlar kime ýüz tutjagyny, meselesini nädip çözjegini bilenok diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy 6-nji aprelde, irden habar berdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary, bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlarda ýitirilýän wagt köpelse köpelýär, emma azalmaýar.
"Çözülýäni az, beterleşýän mesele kän"
“Wagtyň geçmegi bilen, ýagdaý ýuwaş-ýuwaş gowylanar öýdýärdik, emma tersine bolýar, adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary beterleşýär” diýip, bank müşderisi adamlaryň bankomatlarda goýulýan puluň tiz gutarmagyndan nägile bolýandyklaryny, emma olaryň edýän arz-şikaýatlarynyň hiç bir netije bermeýändigini gürrüň berdi.
“Haçan haýsy bankomata pul nagtlaşdyrmaga gelseň, boş duranyny görýärsiň, pul bar wagtyna duşmak gaty kyn. Ýa-da, bankomatlarda pul bolsun, bolmasyn, adamlaryň garaşyp duranyny, uzyn nobatlary görýärsiň” diýip, bu ýagdaýy ýene bir müşderi tassyk etdi.
Aýdylmagyna görä, bankomatlary doldurýan işgärler öz nägileligini bildirýän, bu ýagdaýyňsebäbini soraýan adamlara dessine, çürt-kesik, “bu sorag maňa degişli däl, oňa jogap bermek meniň wezipäme girenok” diýip jogap berýärler.
“Hawa, bizem düşünýäris. Olar bankomatlary görkezme esasynda doldurýarlar, günde näçe gezek näçe mukdarda pul goýmalydygyny başlyklary kesgitleýär. Ýöne olar ‘müşderiler nägile bolýar, nobata durup, wagt ýitirip, pul alyp bilmän gaýdýar’ diýip, başlyklaryna aýdyp bilýändir-ä... Ýok, tersine, ‘puluň mukdaryny we günde näçe gezek doldurmalydygyny men kesgitlämok, bu meniň wezipäme girenok, köp adam häzire çenli mart aýynyň aýlygyny hem doly nagtlaşdyryp bilenok’ diýýärler” diýip, aşgabatly müşderi käýindi.
Mundan öň pul nagtlaşdyrmak diňe türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärlere kyn bolan bolsa, indi bu ýagdaý ýurtdaky daşary ýurt kompaniýalarynda işläp, aýlygyny daşary ýurt walýutasynda alýan işgärler-de degişli boldy diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, daşary ýurt kompaniýalary işgärleriniň aýlyk zähmet hakyny walýuta görnüşinde, daşary ykdysady iş bankynyň walýuta kartyna geçirýär.
“Adamlar öň nobatsyz, haçan barsa bökdençsiz ABŞ dollarynda pul çekip bilýärdi. Emma soňky wagtlar bu toplumyň işgärleri hem kynçylyk çekip başlady. Daşary ykdysady iş bankynyň walýuta bankomatlarynda köplenç pul bolmaýar we müşderilere garaşmak maslahat berilýär. Şol bankomatyň öňünde hem ýigrimä golaý adamyň haçan bankomata pul goýlar diýip garaşyp duranyny görse bolýar” diýip, çeşme aýtdy.
"Arzyňyzy türkmen bankyna aýdyň!"
Daşary ýurt kompaniýasynynda işleýän işgärleriň birnäçesi kompaniýa menejerine arz edip, aýlyklaryny Türkmenistanyň bankyna geçirmän, öz ellerine bermegi sorapdyr, emma olara “Kompaniýa aýlyklary öz wagtynda bank hasabyňyza geçirýär, ondan aňyrsy bilen işimiz ýok. Siz arzyňyzy türkmen bankyna bildiriň” diýen jogap berlipdir.
Azatlyk bu ýagdaýa barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Şu aralykda, Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem pensiýa, kömek pullarynyň gijikdirilýändigini habar berdi.
Aýdylmagyna görä, geçen aý hem pensiýa, kömek pullary 15-nji marta çenli gijikdirildi, pul nagtlaşdyrmak meselesi bolsa, welaýatyň ähli etrabynda indi ikinji aý uly problema bolmagynda galýar.
Bank müşderileriniň soraglaryna ‘hünärmen ýetişmeýär’ diýen ýaly ýüzleý jogaplar berilýär, welaýat merkezindäki banklaryň içindäki bankomatlara çenli öçük dur, ‘ussa ýok’ diýýärler diýip, çeşme aýtdy.
“Senagat”, “Türkmenistan” banklarynyň Balkanabatdaky şahamçalaryndaky bankomatlara geçen aýyň 15-inden bäri her gün gatnaýaryn, 5 bankomatdan ýekejesi hem işlemeýär, bank hünärmenleri ‘ertir işlär, ertir geliň’ diýip wada berýärler, býužetde işleýänler, pensionerler, hamana, banklarda garawul ýaly, her gün birnäçe sagat wagtlaryn banklarda geçirýärler” diýip, bir raýat Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Ykdysady taýdan zyýanly çözgüt
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen bank hünärmeni ‘häzirki bankomatlara edilýän çykdajylaryň döwlete ykdysady taýdan uly zyýan getirýändigini, 1 bankomat enjamynyň puluna azyndan 4 sany adamy kassir edip işe alyp, olara Türkemänistandaky häzirki aýlyk normasynda 15 ýyl aýlyk hakyny töläniňde hem 1 bankomada çykarylýan çykdajydan az boljakdygyny öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, şeýdilse, bir topar adamy iş bilen üpjün edip bolardy, nobatlar azalardy.
“Türkmenistan ýaly awtokrat döwletde sanly bank we bankomat, terminal tölegi režimine geçmegiň geregi ýok. Aýdaly, her obada bolmanda 2 sany bankomat goýuldy diýeliň, emma olaryň hiç biri işlemeýär. Iş ýerleri gysgaldylan kassirler işsiz galdylar, çetki obalaryň adamlary pul nagtlaşdyrmak, pensiýalaryny resmileşdirmek ýaly, obalaryň özünde bitmeli işlerini etrap, welaýat merkezlerine gatnap, wagt ýitirip düzetmeli boldular. Ykdysady taraplary nazarda tutulman satyn alnan bankomatlaryň köpüsi häzir hiç zada ýaramaýar’ diýip, hünärmen aýtdy.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumata görä, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijikmeginiň ýene bir sebäbi Balkan sebitinde ýogalan pensionerleriň pensiýa pullarynyň alnyp gelinmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykarylypdyr.
Welaýat pensiýa gaznasynyň döreden ýörite topary etraplarda derňew işlerini alyp barýar, raýatlaryň işlän ýyllaryny galplaşdyrmak, para alyp, pensiýa köpeltmek ýaly ýagdaýlar ýüze çykarylypdyr, işleri prokuratura geçirilen adamlar hem bar, bikanun, artyk alnan pullary döwlete gaýtarmak üçin çäre görülýär, käbir adamlaryň pensiýa, kömek pullary kesilýär diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum