Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin BAE we Saud Arabystanyna sapar etmegi meýilleşdirýär – rus mediasy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Saudlaryň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman (arhiw suraty)
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Saudlaryň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman (arhiw suraty)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepdäniň dowamynda Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna sapar eder diýip, rus media serişdeleri 4-nji dekabrda habar berdiler.

Putin bu iki ýurda amala aşyrjak iş saparynyň çäginde Saudlaryň täç geýdirilen şazadasy Muhammad bin Salman bilen hem gepleşikleri geçirer. Bu barada Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Tass we Ria Nowosti gulluklary mälim edýär.

Bu günler Birleşen Arap Emirliklerinde BMG-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça konferensiýasy geçýär. Emma Putiniň oňa gatnaşyp-gatnaşmajakdygy häzir doly aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG