Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukraina urşy, Ysraýyl-Palestina konflikti arasynda Hytaýa sapar edýär


Arhiw suraty. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 17-nji oktýabrda Pekine geldi.
Arhiw suraty. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 17-nji oktýabrda Pekine geldi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 17-nji oktýabrda Pekine geldi.

Bu sapar Hytaýyň Moskwany Ukrainada alyp barýan urşunda goldaýandygyny, şeýle-de Russiýanyň Hytaýyň daşary ýurtlardaky ykdysady we diplomatik täsirini giňeltmek islegini goldaýandygyny yşarat edýär.

Bu iki ýurt Birleşen Ştatlara we beýleki demokratik ýurtlara garşy resmi däl bileleşik gurdular we bu ýagdaý häzirki wagtda Ysraýyl-Hamas urşunyň turmagy bilen has-da çylşyrymlaşdy. Hytaý özüniň Ysraýyl bilen aradaky gatnaşyklaryny Eýran we Siriýa bilen aradaky gatnaşyklaryna deňeçerleşdirmäge çalyşdy.

Putiniň uçary, rus lideriniň saparynyň başlanmagy bilen, hormat garawuly tarapyndan garşy alyndy.

XS
SM
MD
LG