Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rostow sebitine edilen uly dron hüjüminde elektrik geçirijilerine, ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi


Orsýetiň Goranmak ministrligi 15-nji dekabra geçilýän gije 12 sebitde we Hazar deňziniň üstünde Ukrainanyň 146 dronynyň urlandygyny habar berdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, Rostow sebitiniň üstünde sekiz dron urluldy. Gubernator Ýuriý Slýusar birnäçe etrabyň, şol sanda Rostow, Kamensk, Nowoşahtinsk, Kamenskiý, Konstantinowsk etraplarynyň uly hüjüme sezewar bolandygyny aýtdy. Hiç kim ýaralanmady, ýöne awtoulaglara, hususy jaýlara we beýleki binalara zyýan ýetdi.

Kamensk etrabynda elektrik geçirijisiniň zaýalanmagy netijesinde suw desgasynyň we nasos stansiýasynyň işi togtady. Kamensk şäherindäki Zawodskoý mikroraýonynyň, Maslowka obasynyň we Pogorelowo stansiýasynyň ýaşaýjylary suwsuz galýarlar diýip, Slýusar habar berdi.

“Astra” neşiriniň analizine görä, nyşanalaryň biri nebiti gaýtadan işleýän Nowoşahtinsk zawodynyň ýangyn bolan ýeriň iki kilometr uzaklygynda, Don boýundaky Rostowda ýerleşýän şahamçasy bolup biler.

XS
SM
MD
LG