ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň çykgynsyz ýagdaýa düşendigini, ýöne eger çykgynsyzlyk iki tarapy hem barha howply hereketlere iterse, munuň giň gerimli sebitleýin çaknyşyga öwrülip biljekdigini duýdurdy.
NATO-nyň üç ýaranyna – Islandiýa, Gresiýa we Portugaliýa – saparynyň soňky duralgasy bolan Lissabonda eden çykyşynda Rubio Waşingtonyň konflikti gepleşikler arkaly çözmegiň möhümdigine ynanýandygyny we diplomatik tagallalara araçylyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
Onuň bu beýanaty, ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, 8-nji oktýabrda Ukrainanyň Kramatorsk şäherinde iki awtobusa edilen rus zarbasy netijesinde azyndan 33 adamyň heläk bolan mahalyna gabat geldi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň Ukraina hüjümleri we NATO-nyň gündogar tarapynyň howpsuzlygy barada beren soragyna jogap hökmünde Rubio bu çaknyşygy, adatça, gepleşikler ýa-da dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen tamamlanyp biljek çykgynsyz ýagdaýa düşen “örän howply uruş” diýip atlandyrdy.
Birinji wariant iki tarapyň hem kyn ylalaşyklara gitmegini talap edýär. Ikinji wariant bolsa, Russiýanyň ýa-da Ukrainanyň güýçleriniň harby deňagramlylygy üýtgetmek üçin çaknyşygy güýçlendirmegini öz içine alyp biler.
“Bu örän howply” diýip, Rubio aýtdy.
Ol dartgynlygyň ýaýramagynyň Russiýanyň goňşy NATO ýurtlarynda sabotažyny, hüjümini ýa-da gapma-garşylygy çalt giňeldip biljek beýleki hereketleri öz içine alyp biljekdigini duýdurdy.
Rubio munuň bolsa, “iki ýurduň arasyndaky urşy çaltlyk bilen has uly we has howply sebitleýin konflikte öwrüp biljekdigini” aýtdy.
“Ahyrsoňy, biz harby çözgütleriň boljakdygyna ynanmaýarys... Biz bu urşuň gutarmalydygyna we gepleşik arkaly ylalaşyga näçe ir gelinse, şonça gowy boljakdygyna ynanýarys” diýip, ol belledi.
Portugaliýanyň daşary işler ministri urşuň bes edilmegi boýunça diplomatik tagallalary goldap, Russiýanyň çozuşynyň halkara kanuny bozýandygyny we islendik çözgüdiň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna hormat goýmalydygyny aýtdy.
Şeýle-de, Rubio NATO-nyň goranyş çykdajylary baradaky jedelleri täzeden beýan edip, harby çykdajylaryň köpeldilmegini diňe “has köp harçlamak” däl-de, goranyşa maýa goýum hökmünde häsiýetlendirdi. Ol NATO-nyň agza döwletini güýçlendirmegiň bileleşigiň özüni we onuň saklanyşyny güýçlendirjekdigini aýtdy.
Rubio NATO-nyň özeninde goranyş bileleşigidigini we onuň ygtybarlylygynyň agza döwletleriň mümkinçiliklerine baglydygyny belledi.
“NATO möhümdir. NATO-nyň möhüm bolmagy üçin NATO güýçli bolmalydyr” diýip, ol aýtdy. “NATO-nyň güýçli bolmagy üçin NATO agza döwletleriň hem güýçli bolmagy zerurdyr” diýip, ol sözüne goşdy.
Ol NATO agza ýurtlaryň her biriniň ýagdaýlarynyň dürli-dürlidigini we olaryň hemmesiniň deň derejede goşant goşup bilmejekdigini, ýöne olaryň her biriniň öz mümkinçiliklerini mümkin boldugyça iň güýçli derejelere ösdürmelidigini belledi.
Şeýle hem, ol öňdebaryjy harby tehnologiýalar we täze nesil ýaraglar babatda has köp hyzmatdaşlyga çagyrdy we ýaranlaryň geljekki howplara garşy durmak üçin bilelikde işlemelidigini aýtdy.
Ýewropaly ýaranlaryň Amerikanyň harby güýçleriniň Ýewropada saklanyp galmagy babatda mümkin bolan üýtgeşmeler sebäpli Birleşen Ştatlara bil baglamagyny dowam etdirip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi baradaky soraga beren jogabynda Rubio NATO-nyň güýçli mümkinçilikleriniň we netijeli saklanmagynyň möhümdigini nygtady.
Ol ABŞ goşunlarynyň geljekde ýerleşdirilmek mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne bileleşigiň agzalarynyň onuň güýjüni saklamak babatda jogapkärçiligi paýlaşýandygyny belledi.
Şeýle-de, Rubio Portugaliýanyň “Lajes” howa bazasynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly aladalar we “Amnesty International” guramasy tarapyndan gozgalan halkara kanunynyň bozulmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalar hakynda soralanda Eýrany berk tankyt etdi.
Ol Portugaliýanyň geçirýän derňewi barada teswir bermekden ýüz öwrüp, munuň Portugaliýanyň häkimiýetleriniň meselesidigini aýtdy.
Rubio, muňa derek, “Amnesty International” guramasyny Eýran hökümetiniň protestçilere garşy amala aşyran, şol sanda “köçelerde on müňlerçe adamyň rehimsizlik bilen öldürilmegi” ýaly etmişlerine üns bermekde şowsuz bolmakda aýyplady.
“Bular uruş jenaýatlarydyr. Bular adamzada garşy jenaýatlardyr. Bular öz halkyna garşy edilen jenaýatlardyr” diýip, Rubio aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum