Rus drony 16-njy dekabra geçilýän gije Zaporižiýanyň merkezindäki dokuz gatly ýaşaýyş jaýyna hüjüm edip, üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy habar berdi.
Jaýyň bäşinji we altynjy gatlaryndaky dört kwartirany ot-ýalyn gaplap aldy, ýangyn 120 inedördül metr meýdany tutdy. Ýangyn söndürildi. Gullugyň psihologlary 10 adama lukmançylyk kömegini berdiler.
Sebit administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedrowyň sözlerine görä, 49 adam zarba urlan ýerde işleýän hünärmenlere ýüz tutdy. Olar öýlerine ýeten zyýan barada habar berdiler.
Fedrowyň sözlerine görä, bu adamlaryň 19-sy maýyplyk, mejbury bosgunlyk üçin hökümet kömeklerini alýan adamlar bolup durýar.
Dron Zaporižiýa sebitinde hereket edýän mikroawtobusa hem hüjüm etdi; ýaralanan bolmady diýip, Fedorow aýtdy.
Russiýa bir gijede Ukraina iki sany "Iskander-M" ballistik raketasy, dürli görnüşli 97 dron bilen hüjüm etdi. Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, 63 dron zyýansyzlandyryldy.