Rus goşunlary 1-nji oktýabra geçilýän gije Harkowa zarba urup, alty adamy ýaralady diýip, Harkow şäheriniň häkimi Igor Terehow habar berdi.
Onuň sözlerine görä, şäheriň Saltowskiý we Kiýewskiý etraplaryna awiabomba hüjümleri edildi, hususy jaýlar we garažlar ýumruldy, bazarlaryň birinde ýangyn turdy. Bulardan başga, hususy jaýlaryň we dermanhanalaryň penjirelerine zyýan ýetdi.
Harkow sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Sinegubow ýaralananlaryň arasynda 80 ýaşly aýalyň, 34, 27 we 25 ýaşly erkekleriň bardygyny aýtdy. Olar keselhana ýerleşdirildi. 21 ýaşly bir erkek wakanyň bolan ýerinde bejergi aldy.
Rus goşunlary Harkowa yzygiderli hüjüm edýär. Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary raýat infrastrukturasyna, parahat ilata urulýan zarbalary Russiýa tarapyndan edilýän uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirýärler. Rus häkimiýetleri muny boýun almaýar we öz urýan zarbalarynyň harby nyşana gönükdirilendigini öňe sürýärler.