Rus goşunlary 30-njy sentýabra geçilýän gije Sumy sebitiniň Krasnopolskiý etrabynyň Çernetçina obasyndaky bir ýaşaýyş jaýyna pilotsyz uçar bilen zarba urdy.
Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Grigorow zarba urlan jaýda iki sany ýaş çagasy bolan är-aýalyň ýaşandygyny habar berdi.
Urlan zarbadan aman galan bolmady, halas edijiler harabalaryň aşagyndan ene-atanyň we olaryň alty, dört ýaşly ogullarynyň jesetlerini tapdylar.
"Bu tutuş jemgyýet, sebit üçin aýylganç we öwezini bolmajak ýitgi" diýip, ol aýtdy. "Çernetçinada tutuş bir maşgalanyň heläk bolmagy biziň hiç haçan unutmajak we bagyşlamajak betbagtçylygymyz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň Sumy sebiti Russiýa bilen serhetde ýerleşýär we rus goşunlary tarapyndan yzygiderli oka tutulýar. Rus goşunlary 29-njy sentýabra geçilýän gije Konotop etrabynyň bir obasyna hüjüm edip, bir adamy ýaralady.