Rus goşunynyň Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitine eden hüjümlerinde bäş adam ýaralandy diýip, harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Lysak habar berdi.
Onuň sözlerine görä, rus goşuny ilki Zelenodolsk şäher jemgyýetine, soň Nowopolsk oba jemgyýetine hüjüm etdi. Bir erkek we bir aýal ýaralandy, infrastruktura zyýan ýetdi.
Bulardan başga, Nikopol we Marganets hem oka tutuldy, 26 ýaşly we 45 ýaşly erkek, 18 ýaşly bir gyz ýaralandy. Ejir çekenleriň ählisi keselhana ýerleşdirildi. Bir kärhana, dini gurama, hususy jaýlara we bäş gatly bina zyýan ýetdi, üç sany hojalyk binasy, alty awtoulag we gaz geçirijisi zaýalandy.
Pilotsyz uçarlar Sinelnikow etrabynyň Mežewskaýa we Pokrowskaýa jemgyýetlerine hüjüm etdi. Bir ýaşaýyş jaýynyň balkonynda ýangyn turdy. Ol derrew öçürildi. Hususy jaý bölekleýin ýykyldy, başga-da alty jaýa zyýan ýetdi diýip, Lysak ýazdy.
“Ukrzaliznytsia”, “Nosiwka-Nizyn” demirýol menziline urlan rus zarbalary sebäpli 143/144 Sumy-Lwow we 45/46 Užhorod-Harkow otlularynyň iki sagat gijä galandygyny habar berdi. Sebitara otlularynyň altysy, sebit otlularynyň ikisi üýtgedilen ugur boýunça gatnar.
Çernihow sebitiniň Nizyn etrabynda bir elektrik desgasyna hüjüm edildi, 4,5 müňden gowrak müşderi elektriksiz galdy diýip, “Çernihiwoblenergo” habar berdi.