Sahalin sebitiniň ýaşaýjysy, azyndan dört adamy öldürmekde we kannibalizmde günäli tapylyp, 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Denis Gorin türmeden boşadyldy we Ukrainadaky urşa ugradyldy diýip, “Сахалин против войны” telegram kanaly habar berdi.
Gorin häzir Günorta Sahalinskdäki hassahanada, ol orta agyrlykda şikes aldy diýip, öňki tussagyň goňşusy Dmitriý “Sibir.Realii” neşiriniň redaksiýasyna aýtdy.
Gorin ilkinji gezek 2003-nji ýylda, adam öldürendigi we merhumyň jesedini masgaralandygy üçin 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, berk düzgünli howpsuzlyk koloniýasyna iberildi.
Türmede görkezen göreldesi sebäpli 7 ýyl soň şertli ýagdaýda boşadylan Gorin 2011-nji ýylda dogany Ýewgeniý bilen bir adamy gazaply ýençdi.
Enjilen adam huşuny ýitireninden soň, Ýewgeniý Gorin ony pyçaklap öldürdi. 2012-nji ýylda doganlar ýene bir adamy öldürdi.
2012-nji ýylyň tomsunda Denis Goriniň azyndan dördünji agyr jenaýatynyň üsti açyldy.
Derňewçileriň çykaran netijelerine görä, ol 2010-njy ýylyň noýabr aýynda bir adamy öldürip, soň onuň aýagyny kesýär we holodilnikde saklap, etini iýýär.
Bir aý öň sosial ulgamda Goriniň sahypasynda ýeňine Z nyşany çatylan harby eşik geýen täze suraty peýda boldy.
Russiýa Ukraina garşy urşa başlaly bäri ganhorlary, adam zorlananlary we beýleki agyr jenaýatlarda aýyplanan tussaglary yzygiderli türmeden boşadýar. Ölen we ýaralanan adamlaryň garyndaşlary muňa garşy protest bildirýärler, emma bu hiç hili netije bermeýär.