Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa öten agşam üç sebite edilen dron hüjümini togtadandygyny aýdýar


Urain esgeri türgenleşik wagtynda
Urain esgeri türgenleşik wagtynda

Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň öten agşam Kursk we Belgorod sebitlerine, şeýle-de basyp alnan Kryma hüjüm eden 28 pilotsyz uçary urup gaçyrandygyny aýtdy.

Ministrlik Krymyň ýokarsynda 10 pilotsyz uçaryň ýok edilendigini aýtdy.

Kursk sebitiniň häkimi Roman Starowit öz sebitine Russiýanyň howa goragynyň 12 sany pilotsyz uçary urandygyny aýtdy.

Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow telegramda Russiýanyň howa goragynyň alty pilotsyz uçary ýok edilendigini aýtdy. Ol hiç bir pidanyň bolmandygyny hem sözüne goşdy. Ukraina Russiýanyň garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän habary barada hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG