Russiýa Ukrainadaky alyp barýan urşunda heläk bolan we şikes alan 315 müň adamyny ýitirdi diýip, ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň gizlinsezdirilen hasabatynda aýdylýar.
Bu san Russiýanyň konflikti başlan wagtyndaky rus goşunlarynyň umumy sanynyň 80%-ne golaýlaýar diýip, ýagdaýlardan habarly aňtaw çeşmesi 12-nji dekabrda aýtdy.
Hasabatda Moskwanyň şahsy düzüm we harby ulag babatyndaky ýitgileriniň, Russiýanyň harby taýdan döwrebaplaşdyrylmagyny 18 ýyl yza tesdirendigi hem bellenilýär.