Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň Krywiý Rih, Nikopol etraplaryny nyşana aldy


Russiýanyň Ukraina urýan zarbalary
Russiýanyň Ukraina urýan zarbalary

Russiýanyň güýçleri öten agşam Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Krywiý Rih şäherine raketa zarbalaryny urdy. Bu barada şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Ýewhen Sytnyçenko 28-nji noýabrda Telegram kanalynda mälim etdi.

Ol resmileriň zarbanyň ýetiren zyýanyny seljerýändiklerini aýtdy. Sytnyçenko regionyň infrastrukturasynyň “kadaly işleýändigine” çalym edýändigini hem sözüne goşdy.

Russiýa bu sebitiň golaýyndaky Dnipropetrowsk regionynyň Nikopol etrabyndaky Marhanets şäherini agyr artilleriýa toplary bilen nyşana aldy diýip, regional häkim Serhiý Lysak Telegramda mälim etdi.

Lysak häzire çenli adam ýitgileri barada maglumatyň gowuşmandygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG