Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini 5-nji fewrala çenli uzaltdy


Žurnalist Alsu Kurmaşewa 1-nji dekabrda Kazandaky suduň zalynda
Žurnalist Alsu Kurmaşewa 1-nji dekabrda Kazandaky suduň zalynda

Russiýanyň Kazan şäherindäki sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini iki aý möhlet bilen, 4-nji fewrala çenli uzaltdy.

ABŞ-nyň we Russiýanyň goşa raýatlygyna eýe bolan, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynda işleýän we Pragada ýaşaýan žurnalist Kurmaşewa maý aýynda, maşgaladaky adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Russiýa gitdi.

Ol 2-nji iýunda, yzyna uçmak üçin Kazan howa menzilinde uçaryna garaşýan wagtynda wagtlaýyn saklanyp, elindäki ABŞ we rus pasportlary konfiskasiýa edildi. Şondan bäri ol Russiýadan çykyp bilmeýärdi.

Kurmaşewa 18-nji oktýabrda tussag edildi we daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplandy. Bu aýyplama esasynda oňa bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Russiýa 2012-nji ýyldan bäri "daşary ýurt agenti" diýlip atlandyrylýan kanunlary hökümet syýasatyny tankytlaýanlara ýarlyk dakmak we jezalandyrmak üçin ulanýar.

Şeýle-de, Kreml Ukraina urşuna başlaly bäri, bu kanunlar Russiýadaky raýat jemgyýetini we metbugat toparlaryny ýapmak üçin barha köp ulanylýar.

XS
SM
MD
LG