Awstraliýanyň Sidni şäherinde ýewreýleriň Hanukka baýramynda bolan atyşykda ölenleriň sany 16 adama ýetdi. Ölenleriň arasynda ýaragly hüjüm eden iki erkegiň biri hem bar.
Polisiýanyň maglumatyna görä, Bondi kenarynda ýygnanan ýewreý jemgyýetiniň agzalaryna ataly-ogul ot açypdyr.
Ok atanlar metbugat habarlarynda 50 ýaşly Sajid Akram we 24 ýaşly Nawid Akram diýlip atlandyryldy. Sajid Akram wakanyň bolan ýerinde polisiýa bilen bolan atyşykda öldürildi, Nawid Akram agyr ýaralandy we hassahanada agyr ýagdaýda ýatyr.
Awstraliýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, asly pakistanly bolan Sajid 1998-nji ýyldan bäri Awstraliýada ýaşaýar, onuň ogly bu ýurtda doglan we Awstraliýanyň raýaty bolup durýar.
Polisiýa we häkimiýetler bu wakany terror hereketi, antisemitizm sebäpli amala aşyrylan matlaply hüjüm hökmünde derňeýärler.
Awstraliýanyň berk ýarag kanunlaryna garamazdan, hüjümçileriň kanun esasynda ýarag saklandyklary aýdylýar.
Pidalaryň arasynda 10 ýaşly gyzjagaz hem bar, iň ýaşuly pida 87 ýaşynda. 40 ýaraly, şol sanda iki sany polisiýa işgäri hassahanalarda bejergi alýar.
Iki hüjümçi 14-nji dekabrda kenarýaka awtoduralgasyndan adamlary oka tutdy.
Ahmed al-Ahmed atly ýerli ýaşaýjy olaryň birini ýaragsyzlandyrmagy başardy; onuň özüniň hem ýaralanandygy habar berilýär. Ol köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial mediada gahryman hökmünde häsiýetlendirilýär we onuň üçin eýýäm 200 müň dollardan gowrak haýyr-sahawat serişdesi toplanyldy.