Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sil suwlarynda bir esger öldi, alty esger dereksiz ýitdi


Türkmen esgerleri (Arhiw suraty)
Türkmen esgerleri (Arhiw suraty)

Türkmenistanda soňky hepdäniň dowamynda ýagan güýçli ýagşyň getiren sil suwlarynyň netijesinde, Ahal welaýatyndaky Sarahs serhet birikmesiniň bir esgeri öldi we başga-da alty sanysy dereksiz ýitdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy maýda sebitden maglumat berdiler.

“17-nji maýda sagat 17:00 töwereginde Sarahs serhet birikmesiniň 16-njy serhet galasynda 2105-nji harby bölümiň ýedi esgeri dereksiz ýitirim bolýar. Bu esgerleriň biriniň jesedi 18-nji maýda tapyldy. Häzir galan alty esgeri gözlemek işleri dowam edýär” diýip, serhet birikmesindäki çeşme habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu waka baradaky maglumaty diňe özüniň ýurt içindäki başga-da iki ygtybarly çeşmesi tassyklandan soňra köpçülige ýetirýär.

Ol gözleg işleriniň nähili görnüşde alnyp barylýandygy barada aýdyň maglumatyň ýokdugyny, ýöne bu işlere dronyň ýa-da dikuçaryň çekilmeýändigini anyk bilýändigini hem belledi.

“Gözleg işleri serhet birikmesiniň güýç we serişdeleri bilen gury ýer arkaly amal edilýän bolmaly” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, wakanyň bolan güni esgerler serhet birikmesiniň golaýyndaky serhet galalarynyň sil suwlarynyň ýuwup geçen ýollaryny bejerýärdiler.

“Wakadan bir-iki gün öň ýagan ýagyş serhet galalarynyň töweregindäki ýollary ýuwup, zaýalady. Esgerler ýitmezinden ozal, ýollaryň pozulan ýerlerini bejermek üçin ellerine pil berlip goýberilýär. Ol ýerler depelik-peslik bolup, bir tarapy daglyk. Bir-iki jar we jülgelikler hem bar. Jülgeleriň birinden tötänden sil suwy gelipdir. Esgerler gaçyp ýetişmändirler” diýip, çeşmämiz belledi.

Ol bu wakanyň giňişleýin gürrüň edilmeýändigini, bu barada “maglumat soramagyň, gyzyklanmagyň bolanokdygyny” hem nygtady.

Ýöne çeşmämiz harby gullukçylaryň özara söhbetdeşliginde “şeýle ýagynly günde esgerleri şol ýere ibermegiň dogry karar däldigini aýdyp, waka birikmäniň serkerdesiniň we beýleki ýolbaşçylaryň geleňsizliginiň sebäp bolandygyny aýdýanlaryň bardygyny” hem belledi.

Azatlyk waka barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda gürrüňi edilýän birikmeden teswir alyp bilmedi.

Waka barada garaşsyz neşir “Türkmen.news” hem habar berdi. Neşir 20-nji maýda çap eden maglumatynda palçyk garyşykly ýagyn suwlarynyň gelmegi netijesinde, Sarahsdaky serhet postlarynyň birinde birnäçe esgeriň ölendigini we başga-da bäş sanysynyň ýaralanandygyny belledi.

“Birnäçe esgeriň dereksiz ýitendigi habar berilýär” diýip, neşir nygtaýar.

Maý aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde birnäçe günläp dowam eden güýçli ýagynly howa ilatyň durmuşyna, şäher we oba infrastrukturasyna, ekerançylyga ýiti zyýan ýetirdi.

Ahaldaky habarçylarymyzyň biriniň 21-nji maýda beren maglumatyna görä, Kaka etrabynyň Duşak daýhan birleşiginiň köp bölegini ýagyn suwlarynyň basandygy sebäpli oba ýaşaýjylarynyň köpüsi gije metjitde ýatmaga mejbur boldy.

“Çagalar mekdebe gitmeýärler. Ýagdaý gaty erbet” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Ahaldaky beýleki bir habarçymyz ýagyn suwlarynyň netijesinde welaýatyň çäginde demir ýoluň bir böleginiň opurylandygyny habar berýär.

“Tejen-Mary aralygynda ýüze çykan wakanyň netijesinde ýolagçy otlusyndaky 50 töweregi adam otludan düşürilip, awtobus bilen Mara alnyp gidildi. Bu ýerde olar başga otla münmeli boldular. Häzirki wagtda häkimýietler demir ýoluň opurylan bölegine hiç kimi goýbermeýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu waka barada “Turkmen.news” neşiri hem habar berip, wakanyň bolan pursady ýolagçylaryň Aşgabatdan Serhetabada barýandygyny belleýär.

Ýatlatsak, geçen hepde Marydaky habarçylarymyz Tagtabazar etrabynyň deňinden geçýän demir ýoluny ýagyş suwunyň ýuwmagy netijesinde, onuň 50 metre çenli böleginiň opurylandygyny habar beripdiler.

Türkmenistanyň hökümeti goňşy ýurtlardaky tebigy hadysalary adatça agzap, öz tarapyndan kömek hödürleýän mahaly, öz ýurdundaky ýagdaý barada dymmak tejribesini dowam etdirýär.

Galyberse-de, häkimiýetler ilata habar bermegiň we kömek etmegiň deregine, esasy ünsüni ilatyň bu tebigy hadysany surata düşürmezligine, ýaýratmazlygyna we pikir alyşmazlygyna gönükdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG