Siriýa söweşi çykmazdan ozal Aleppo şäheri taryhy metropoliýa bolup, ol 2006-njy ýylda “Yslamyýetiň medeni paýtagty” yglan edilipdi. Emma bu günlerde Russiýa we Siriýa güýçleri şäheri weýran etmegine dowan edýär. Gozgalaňçy güýçler we hökümet goşunlarynyň arasynda dowam edýän bu söweş, şähere güýçli zyýan ýetirýär. Söweş döwründe we ondan ozalky düşürlen suratlar Aleppo şäheriniň gadymy ýadygärlikleriniň çeken ýitgilerini görkezýär.
Aleppo şäheri uruşdan soň we öň

1
Köne Aleppo şäherindäki Emewiler metjidi. 12-nji we 16-njy asyrlarda gurlan bu taryhy ýer, 1986-njy ýylda UNESCO guramasynyň “Dünýäniň taryhy gymmatlyklary” sanawyna girizildi.
2
Aleppo şäherinde ýerleşýän taryhy galanyň töweregindäki metjitler we beýleki binalar harabaçylyga öwrüldi.
4
Ýakyndaky harabaçylyklara seretmezden, "Bab al-Faraž" sagat diňi henizem aýakda dur.
5
Ozalky wagtlar şagalaňly görünýän Saadallah al-Jabiri meýdany.