Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG adam hukuklary boýunça başlygy 'Talybanyň' goly astynda aýallaryň çäklendirmeleri meselesini gozgady


BMG-niň adam hukuklary boýunça bölüminiň başlygy Mişel Baçelet

BMG-nyň adam hukuklary boýunça bölüminiň başlygy Mişel Baçlet "Talybanyň" Owganystandaky çynlakaý hukuk bozulmalary, şol sanda parahat ilatyň gysga möhletde jezalandyrylmagy we aýal-gyzlar üçin çäklendirmeleri girizmegi barada ygtybarly habar alandygyny aýtdy.

Baçelet BMG-nyň Adam hukuklary geňeşini 24-nji awgustda Pakistanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň haýyşy boýunça gyssagly mejlis geçirip, "Talybanyň" hereketlerine ýakyndan gözegçilik etmek mehanizmini döretmäge çagyrdy.

Duşuşyk ABŞ-nyň goşunlarynyň müňlerçe adamy Kabuldan goçürmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendiren mahaly, "Talybanyň" ewakuasiýanyň diňe ýene bir hepde dowam edip biljekdigini duýdurandan soň boldy.

Baçlet "Talybany" aýal-gyzlaryň, etnik we dini azlyklaryň hukuklaryna hormat goýmaga we jeza bermekden saklanmaga çagyrdy.

"Talybany jogapkär dolandyryşy we adam hukuklary kadalaryny kabul etmäge, sosial jebisligi we barlyşygy dikeltmek üçin işlemäge çagyrýaryn" - diýip Baçelet geňeşe aýtdy.

"Talyban" hereketi indi ýurdy 1990-njy ýyllaryň rehimsiz režiminden tapawutly dolandyrjakdygyny aýtdy. Ozalky ýyllarda talyp dolandyryşy aýallaryň öýlerinde saklanmagy, güýmenjeleriň köpüsiniň gadagan edilmegi, adamlary daşlamak we köpçülikleýin jezalandyrmak ýaly jezalaryň ulanylmagy bilen tapawutlanypdy.

Emma soňky günlerde söweşijileriň öýme-öý aýlanyp, öz garşydaşlaryny gözleýändigi baradaky habarlaryň arasynda olaryň wadalaryna şübheli garalýar.

"Talybanyň aýal-gyzlara bolan gatnaşygy olaryň erkinlik, hereket azatlygy, bilim, öz pikirini beýan etmek we işe ýerleşmek ýaly hukuklaryna hormat goýmagy bilen kesgitlener" diýip, Baçelet geňeşe aýtdy.

"Hususan-da, gyzlara kadaly orta bilimiň elýeterliligini üpjün etmek olaryň adam hukuklaryna ygrarlylygynyň möhüm görkezijisi bolar" diýip, BMG-nyň adam hukuklary boýunça bölüminiň başlygy Mişel Baçlet aýtdy.

Ol bu borçnamalary hakykata öwürmegiň indi "Talybanyň" üstüne ýüklenýändigini belledi.

15-nji awgustda Kabuly eýeläp, Owganystandaky häkimiýeti öz gözegçiliginealan "Talyban" geçen hepdede owgan türkmenleriniň ýaşaýan ýerlerinde çagalara bilim berip başlady. Munuň bilen bir wagtda gyzlara mekdebe gatnamagy gadagan etdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmleriniň Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndan beren habarlaryna görä, "Talybanyň" wekilleri 10 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çagalara din öwredýär.

"Talyban" parahatçylygy gorap saklamagy, şerigatyň esasynda hökümet gurup, aýallaryň hukuklaryna hormat goýmagy we özlerine garşy söweşenlere amnistiýa bermegi wada beren hem bolsa, onuň bu wadalaryna şübheli garalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG