Türkmenabat şäherinde ot alan taryhy binanyň - ozalky Hajy Mälik metjidiniň we taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň ýumrulyp aýrylmak ähtimallygy türkmen intelligensiýasynda, ýerli ýaşaýjylarda uly nägilelik döretdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Azatlyk ot alan binanyň 'doly ýok edilmek howpy' baradaky aladalary tassykladyp-da, inkär etdirip hem bilmeýär.
Ot alan taryhy binany gaplan gara tüssäni görkezýän wideonyň sosial ulgamlarda çap edilmegi ýurduň howpsuzlyk işgärleriniň özlerine tabşyrylan ‘berk maglumat gözegçiligini’ oňarmaýandygyny görkezdi diýip, synçylar aýdýar.
MHM-ni ýangyn däl, syzdyrylan wideo 'alada goýdy'
Azatlyk 6-njy awgustda sebit merkeziniň S.A. Nyýazow köçesinde turan ýangyn we MHM-niň maglumat syzdyran adamlary soraga çekişi baradaky habary 10-njy awgustda çap etdi.
Gözi bilen görenleriň tassyklamagyna görä, ýangyn söndürijiler bir sagat diýen ýaly gijä galyp geldi we XIX–ХХ asyrlaryň sepgidinde gurlan Hajy Mälik metjidi tutuşlygyna diýen ýaly ýanyp, diňe gara diwarlary bilen galdy.
Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar şäher häkimiýetleri tarapyndan ýykylmaly edilen binanyň garawsyz galyp, dikeldiş, serenjam we restawrasiýa işlerinden ‘mahrum edilendigini’ aýtdylar.
Söhbetdeşlerimiz türkmen häkimiýetleriniň ne taryha, ne medeni mirasa, ne-de ýerli ilatyň pikir-düşünjesine sarpasynyň bardygyny aýdyp, nägileliklerini bildirdiler.
“Hajy Mälik metjidiniň keç ykbaly sebit çaphanasynyň we Amul galasynyň başlaryna düşen geleňsizligi ýatladýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran intelligensiýa wekili aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler sebitiň medeni mirasyna we taryhy binagärlik desgalaryna düýpden diýen ýaly üns bermän gelýärler.
“Bir wagtlar Çärjew beginiň we taryhy Çärjew şäheriniň merkezi hasaplanan Amul galasyndan bu gün hatda haraba hem galmady, diňe ýere siňip giden gum bar. Rewolýusiýadan öň gurlan we özboluşly arhitektura ýadygärligi hasaplanan çaphana binasy hem ýumruldy.”
Söhbetdeşimiz ‘sowet modernizminde gurlan’ aeroport binasynyň hem ýumrulandygyny aýtdy.
Häkimiýetleriň ne mirasa, ne medeniýete 'hormaty bar'
“Bu ýagdaý türkmen häkimiýetleriniň taryhy mirasa, medeniýete, halkyň taryhy ýoluna hiç hili hormatynyň ýokdugyny görkezýär" diýip, intelligensiýa wekili aýtdy.
Taryh we miras, medeniýet wagzyny ünsden düşürmeýän türkmen metbugaty sosial ulgamlarda paýlaşylan ýangyn wideosy, şäheriň ýitirip biljek binasy barada edilýän gürrüňleri 'eşitmeýär' diýip, ýaşaýjylar nägile bolýar.
Turkmen.news saýtynyň habaryna görä, ýerli ýaşaýjylar öň bu ýeri belli derejede goramagy başardylar, ýöne soň onuň golaýynda köp gatly jaýlar gurulmaga başlandy.
Ýatlatsak, Türkmenistan 2016-njy ýyly medeni mirasa sarpa goýmak şygarybilen geçirdi. Şol ýylyň “Mirasa sarpa goýmak we watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen geçirilen dabaraly çärelere garamazdan, “medeni-taryhy ýadygärlikleri milletiň buýsanjyna” öwürmek barada aýdylan zatlar kagyz ýüzünde galana meňzeýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 2025-nji ýylyň ýanwarynda bu binany ýykmak barada gelnen karar barada habar berendigini we şondan soň, hususy kärhanalaryň tagallasy bilen, onuň üçeginiň bir ganatynyň bejerilip, binanyň edara jaýlary hökmünde ulanylandygyny, şolaryň birinde ýangyn dörändigini ýazýar.
Türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, bolan ýangyn, onuň mümkin bolan sebäpleri, ýeten zyýan hakynda resmi beýanat etmeýärler.
Azatlygyň habarçysy ýangynyň mümkin bolan sebäbi bilen gyzyklanyp, ýerli ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bir işgäri bilen gürleşmegi başardy.
Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan hünärmen, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işiniň hem ‘doly diýen ýaly çagşandygyny, metbugatda aýdylýan üpjünçiligiň toslamadygyny’ aýtdy.
Ýangyn söndürijileriň 'haly harap'
"Ýangyn söndüriji maşynlaryň işleýäni gaty az, olarda ne abat şlangalar we beýleki ot söndüriji serişdeler bar. Iş şertleri agyr bolansoň, kadr ýetmezçiligi örän ýiti duýulýar. Netijede, sebitde ýangyn zerarly çekilen zyýanyň sany sanardan geçdi” diýip, hünärmen şäheriň 11-nji orta mekdebinde, dünýä bazarynda, Farapdaky 1-nji orta mekdepde bolan ýangynlary mysal getirdi.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen metbugaty wagtal-wagtal ýangyn söndürijileriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek üçin geçirilýän bäsleşikler, prezidentiň beýleki ýurtlarda bolan ýangyn hadysalaryň pidalaryna bildirýän gynançlary barada habar berýär, emma Türkmenistandaky ýangynlar barada tas hiç bir maglumat bermeýär.
Ozalky Hajy Mälik metjidinde bolan ýangyn, adynyň aýdylmazlygyny soran intelligensiýa wekiliniň sözlerine görä, türkmen metbugatynda medeni, taryhy mirasa goýulýan sarpa barada aýdylýan zatlary ‘ýalana çykardy, häkimiýetleriň diňe boş propaganda bilen meşgullanýandygyny aýan etdi’.
“Metbugatda iş ýüzünde ençeme ýyllap idegsiz galýan taryhy ýadygärlikler, olarda geçirilmeli abatlaýyş, dikeldiş işleriniň geçirilmezliginiň sebäpleri hakynda mesele gozgajak žurnalistlere ýol berilmeýär, MHM bolsa internete, sosial ulgamlara hem senzura girizjek bolýar. Emma ol bu işi başarmaýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk taryhy binada bolan ýangyn barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyndan, Medeniýet ministrliginden, Türkmenabat şäher häkimliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum