Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tekstil işgärleri ýanwaryň aýlygynyň heniz-de berilmeýändigini aýdýar, kärhana resmisi muny ret edýär

Aýal-gyzlar (Illýustrasiýa suraty)
Aýal-gyzlar (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşy” tekstil kompleksiniň işgärleriniň ençemesi özleriniň ýanwar aýy üçin zähmet haklarynyň heniz-de berilmeýändigini, indi üç hepdä golaý wagt bäri gijikdirilýändigini aýdýar.

Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan işgärler aýlyklarynyň möçberiniň ozal hem öwerlikli däldigini aýdyp, gijikmäniň köp hojalygy agyr ýagdaýa salýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Paýtagtyň Parahat-7 etrapçasynda ýerleşýän ‘Türkmenbaşy’ tekstil kompleksiniň ýolbaşçylary işgärleriň aglabasynyň ýanwar aýy üçin aýlygyny heniz-de töläp bilmeýär. Kärhana ýolbaşçylary ‘häzir aýlyklary tölemäge maliýe mümkinçiligiň ýokdugyny’ aýdyp, ‘garaşyň’ diýip jogap berýärler” diýip, kompleksiň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan işgärleriň ençemesi adatça öten aý üçin işlän zähmet haklarynyň nobatdaky aýyň ilkinji hepdesinde tölenendigini aýdyp, gijikmäniň ozal hem zordan güzeran ekleýän köp hojalygyň eklenjine agyr täsir edýändigini belleýär.

"Azyk satyn almak üçin karz pul alýarys"

“Kompleksiň işgärleriniň tas ählisini paýtagtyň çetki ýaşaýyş toplumlaryndan, şol sanda Gypjakdan, Gämiden, Ak bugdaý we Gökdepe etrabyndan gatnap işleýän aýal-gyzlar emele getirýär. Biziň aýlyk haklarymyz 1600-2000 manatdan geçmeýär. Ýöne kärhanamyz häzir bu zähmet haklarymyzy hem töläp bilmeýär” diýip, kompleksiň ýene bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz gijikme zerarly özleriniň azyk satyn almak üçin tanyş-bilişlerinden karz pul almaly bolýandyklaryny hem bellediler.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi teswir almak üçin agzalýan kompleks bilen habarlaşdy.

Redaksiýamyzyň 24-nji fewralda kompleksiň web sahypasynda görkezilen telefon belgisine eden jaňyna jogap beren we özüni kadrlar bölüminiň wekili diýip tanyşdyran resmi ýanwar aýy üçin aýlyklaryň berlendigini, hatda fewralyň zähmet hakynyň hem işgärleriň bank kartlaryna geçirilendigini aýtdy.

Mundan soňra, “onda fewralyň aýlyk haky öňünden tölendimi” diýen soragymyza, ol “heniz berilmedi, ýöne erte-birigün fewralyň awansyny aljak bolýarys” diýip jogap berdi.

Paýyş sözler aýdyp, telefony taşlady

Şondan soň ol Azatlyga berlen maglumatyň “tersdigini” aýdyp, kompleksiň işgärleriniň aýlyklaryň gijikdirilýändigi baradaky nägileligi bilen bagly paýyş sözleri aýdyp, “galan zatlary kadrlar bölümine gelip gürleşmelidigini” belledi we telefony taşlady.

Redaksiýamyz kompleksde işleýän işgärleriň umumy sany barada maglumat alyp bilmedi.

Kompleksiň web sahypasynda toplumyň umumy tutýan meýdanynyň 230 müň mt2-e barabardygy we onda öndürilýän önümleriň aglaba böleginiň daşary döwletler bolan ABŞ-a, Ýewropa ýurtlaryna, Awstraliýa, Russiýa Federasiýasyna hem-de goňşy ýurtlara eksport edilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilmegi bilen bagly wakalar ýylyň dowamynda ençeme gezek ýüze çykýar.

Şeýle wakalar barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda maglumat beripdiler.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa, sebitdäki habarçylarymyz aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmeginiň fonunda, ýerli häkimiýetleriň raýatlara jerime salmak, şeýle-de olardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini almak çärelerini güýçlendirendigini habar beripdiler.

Indi ençeme ýyl bäri ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG