Ahal welaýatynda ýygjamlaşan tok kesilmeleri ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine itergi berýär, gün-güzeranyny zordan aýlaýan hojalyklarda dükan kameralarynyň öçmeginden peýdalanyp, azyk, arassaçylyk harytlaryny ogurlaýan adam köpelýär diýip, ýerli çeşmeler we habarçymyz habar berýär. Telekeçiler ýolbaşçylaryň 'halk bilen işi ýok' diýýär.
Habarçymyz bilen gürleşen dükan eýeleri we satyjylar özleriniň 'örän kyn ýagdaýa düşendiklerini', sebäbi elektrik togunyň näçe wagt bolup, haçan kesiljeginiň belli däldigini aýtdylar.
Dükanlardaky harytlar 'dereksiz ýitýär'
“Tok birden, duýdansyz öçýär. Biz dükana gelen müşderileriň her birine gözegçilik edip bilmeýäris. Müşderiler we satyjylar el telefonlarynyň çyrasyny ýakyp, haryt görýärler, şol aralykda-da dükandaky harytlar dereksiz ýitýär. Diňe azyk harytlary däl, eýsem okuw esbaplary, depder, ruçka, dürli galamlar hem azalýar” diýip, satyjy aýtdy.
Şeýle-de, ol öňler kassa tekjesinde işgär oturdandyklaryny, wideokameranyň 7/24 işledilendigini sözüne goşdy.
“Indi kassadan hem pul ýitip başlady, özüm hem haryt satyjy, ýagny maslahat beriji we hasaplaýjy bolup oturmaly boldum. Men ilki-ilkiler ýiten zatlar, pullar barada polisiýa habar bererdim. Polisiýa işgärleri gelip, eliňde anyk subutnama barmy diýip sorardy. Indi polisiýa aýdanyňdan peýda bolmajagyna göz ýetirip, olara habar bermeýäris” diýip, dükançy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleri her gelende sorap, bolmanda çekmek üçin, dükandan mugt çilim alýar. “Soňky gezek polisiýa çagyramda tekjämiň üstünde duran çilimim ýitdi” diýip, söhbetdeşimiz, kamera işlemänsoň, hukuk goraýjylary ogurlykda aýyplap bilmändigini hem sözüne goşdy.
Dükan eýeleri gijelerine, wideo kamera bolansoň, öňler dükana seretmek üçin garawul, bekçi goýmandyklaryny, bu hili janly gözegçilik zerurlygynyň aradan aýrylandygyny, emma indi janly garawulçylygyň täze reallyga öwrülendigini aýtdylar.
Bir dükançy ogurlygyň toguň kesilmedik gijelerinde hem bolup bilýändigini gürrüň berdi:
“Indi her gün agşam tok kesilýär, muny bilmeýän ýok. Öten agşam elektrik simini ýöriteläp kesipdirler we arkaýyn ogurlyk edip, dükany boşadara getiripdirler. Gören barmy diýip sorasak, golaýda ýaşaýan adamlar ‘bilmedik, tok kesilmesi adaty zada öwrülensoň, dükanyň gijesi bilen ýanyp durýan çyralary öçse-de, elektrik kesilendir diýip üns bermedik’ diýdiler.”
Ogurlyk 'gaty köpeldi'
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen söwda işgärleri häzir ogurlygyň “gaty köpelendigini” öňe sürdüler, emma anyk san getirmekden saklandylar. Ýurt maglumat üçin ýapyk bolup, ogurlyk hadysalary barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Türkmen metbugaty ýurtda bolýan jenaýatlar, olaryň ýagdaýy barada statistika maglumatlaryny çap etmeýär.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, tok kesilmeleri netijesinde gürelen ogurlyklara diňe işsiz, gününi zordan aýlaýan pukara, mätäç adamlar däl, Türkmenistanyň şertlerinde gowy aýlyk alýan harbylar, hukuk goraýjylar hem baş goşýar.
“…adamlar aç, esasy azyk harytlary kän ýitýär. Indi dükanymy garaňky düşýänçä işledip, gün ýaşansoň ýapyp goýmak kararyna geldim. Bu gidişi gowy däl. Bu dowam etse, men bankroda düşüp, özüm hem ogurlyga çykaýmagym gaty mümkin” diýip, emele gelen kyn ýagdaýy ýene bir dükan eýesi tassyk etdi.
Onuň sözlerine görä, halkyň aladasyny edýän ýolbaşçy ýok diýilse, ulaltma bolmaz.
Anonimlik şertinde gürleşen telekeçi özi ýaly adamlaryň gorkuda ýaşamaly bolandygyny aýtdy.
‘Häzir biz gorkuda ýaşaýarys, bilip bolmaz, tok kesildi diýip, hojalygymyza hem girip, pul gözläp bilerler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Ol telekeçileriň birnäçesiniň häkimliklere baryp, elektrik meselesini çözüp, kadaly işlär ýaly edip bolanokmy diýip sorandyklaryny, emma ‘ýok’ diýen jogaby alandyklaryny hem sözüne goşdy.
"Ganymat transformatorlary Arkadag şäherine äkitdiler"
Ahally telekeçiniň tassyklamagyna görä, häzir öňki ganymat transformatorlary alyp, Arkadag şäherine äkitdiler, olaryň deregine köne, ejiz transformatorlary oturtdylar. Habarçymyz bu aýdylýany Arkadag şäherine baryp, tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Ýerli synçylar we çeşmeler diňe elektrik enjamlarynyň däl, beýleki zerur enjamlaryň hem esasan paýtagta we Arkadag şäherine gönükdirilýändigini, etrap, oba ýerleriniň köplenç idegsiz galdyrylýandygyny aýdýarlar.
Ýurtda söz, metbugat azatlygy hukuklaryndan kesilen raýatlar oba, etrap ýerlerinde ýollaryň, köprüleriň düşen ýagdaýy barada sosial mediada wideo çap edip, seslerini häkimiýetlere eşitdirmäge çalyşýarlar. Emma bu tagallalar garaşylýan netijäni bermeýär, wideo çap eden adamlar yzarlanýar diýip, synçylar aýdýar.
Balkan welaýatyndaky habarçymyz 27-nji iýulda sebitiň etrap, oba ýerlerinde gürelen tok kesilmeleriniň adamlary gün panellerine geçmäge mejbur edýändigini, oba adamlarynyň hökümeti 'öz toklaryny daşary ýurtlara satmakda aýyplaýandygyny' habar berdi.
Azatlyk daşary ýurtlara satylýan türkmen energiýasy barada anyk maglumatlary alyp bilmeýär.
Ahally telekeçileriň biri häkimlikde özüne “Häzirlikçe ýekeje çykalga bar, dizel ýa-da benzin bilen işleýän generator satyn al” diýendiklerini, emma bu çykalganyň hem ‘çykalga däldigini’ aýtdy.
“Bu hem çözgüt däl. Biz öz hasabymyza tok öndüriji generator satyn alsak, ýangyç beketlerinden dizel ýa-da benzin alyp biljegimiz gümana. Sebäbi gap eltip, ýangyç guýup ber diýseň, guýup bermeýärler.”
Elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy, tok kesilmeleriniň ýygjamlaşmagy, telekeçileriň aýtmaklaryna görä, elektrik edarasynyň edýän töleg talaplaryna hiç bir täsir ýetirmeýär.
Häkimiýetler almaly bolanda, 'gaty ökde'
“…her aý tok edara aýlanyp, pul çöpleýär, soň ýangyn howpsuzlygy diýip, požarny gelip, elektrik simini bahana tapyp, pul alyp gidýär” diýip, ahally telekeçi häkimiýetleriň ilatdan almaly bolanda ‘örän ökdedigini’ öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, ilaty üpjün edip bilmeýän bolsalar, her gün 24 sagadyň 12 sagadynda tok berlip, galan 12 sagadynda tok berilmez diýip, açyk boýun almaly, tölegi hem şoňa görä, ýarty almaly.
“Ýok, ne tok bilen üpjün etmegi başarýarlar, ne-de berilmedik toguň puluny almazlygy başarýarlar.”
Türkmen metbugaty Aşgabadyň Owganystan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara elektrik energiýasyny eksport edýändigini we bu ugurdaky önümçiligiň ýokarlanýandygyny habar berýär, emma ýurduň energiýa eksportyndan alýan girdejisi barada anyk maglumatlary çap etmeýär. Hökümet mejlislerinde hemişe ähli ugurda diýen ýaly ýokary ösüş gazanylýandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum