Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýygjamlaşan elektrik kesilmeleri obada jüýje öndürýän telekeçileri batyrýar


Oba durmuşy
Oba durmuşy

"Men öz inkubatorymy geçen ýyl, üç sany göleli sygyr berip, satyn aldym" diýip, inkubatordan zyýana galan ýaşaýjylaryň biri Azatlyga öz düşen ýagdaýyny gürrüň berdi. Ol indi inkubatoryny satyp, ýumurtga alan adamlaryny razy edip, bir sygyr alyp bilse razydygyny aýdýar.

Türkmengala etrabynyň ýaşaýjylary hojalyklarynda ulanýan inkubator enjamlaryny köpçülikleýin satmaga başlady diýip, Azatlygyň Mary sebitindäki habarçysy habar berýär. Bu türkmen maşgalalarynyň soňky onýyllyklarda özleşdiren täze hünärleriniň ýene biriniň eklenç manysyny ýitirýändigini, ownuk telekeçileriň döwlet goldawyndan peýdalanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň barha güýçlenýän monopoliýasynyň pidasy bolýandygyny aňladýar.

Inkubatorlaryň satylmagy ýurtdaky tok ýetmezçiligi, energiýa infrastrukturasynyň ýyllar boýy dowam edýän problemalarynyň ýyl başyndan has çuňlaşmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Türkmenistanlylar towuk, hindi guş we ördek ýumurtgalaryny basyp, şahsy hojalyklarynda jüýje çykarmak üçin 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başlarynda, kiçijik inkubatorlary satyn aldylar. Dura-bara ulalan şahsy inkubatorçylyk maşgala býujetine belli bir döwürde gowy direg boldy diýip, synçylar aýdýar.

Emma bu direg hojalyklardaky inkubatorlaryň ulalmagy, has köp tok iýmegi bilen baglylykda, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny barha köp eksport edýän ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, infrastruktura meseleleri sebäpli ýykylýana meňzeýär.

"Köp hojalyk towuk, hindi guş, ördek ýumurtgalaryny basyp, jüýje çykarmak üçin inkubator enjamyny satyn aldy, emma oba ýerlerinde tok köp öçensoň, inkubatorda goýlan ýumurtgalar zaýalanýar, jüýje almakdan geçen, adamlar kän zyýana galýar" diýip, habarçy aýtdy.

"Men öz inkubatorymy geçen ýyl, üç sany göleli sygyr berip aldym" diýip, inkubatordan zyýana galan ýaşaýjylaryň biri Azatlyga öz düşen ýagdaýyny gürrüň berdi.

"Girdejili bolar öýtdüm. Sebäbi ot-suw islänok diýdim. Dogry, geçen ýyl, kän bolmasa-da, biraz girdeji aldym" diýip, radionyň söhbetdeşi on ýumurtgadan ýedisiniň jüýje çykarandygyny, üçüsiniň zaýa çykandygyny aýtdy.

Geçen ýyl gören peýdasyndan umytlanan raýat bu ýyl has kän girdeji almak üçin öz obasynda we goňşy obalarda ýaşaýan adamlardan hem ýumurtga alypdyr. Onuň sözlerine görä, inkubatorynyň bardygyny eşiden adamlar, jüýje çykartmak üçin, 750-800 töweregi towuk, hindi guş we ördek ýumurtgasyny getiripdir.

"Her çykarjak jüýjäm üçin diýip, adamlardan her ýumurtga 3 manat pul hem aldym, 2300-2400 manat pullaryny aldym" diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Emma bu ýyl obamyzda tok has ýygy-ýygydan öçdi, her öçende hem azyndan 4-5 sagat, käte ondanam kän wagt dikeldilmedi, netijede inkubatorymdaky ýumurtgalar zaýalandy, bir jüýje hem çykaryp bilmedim, peýda derek zyýan gördüm diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Ol indi adamlaryň pullaryny yzyna gaýtarmaly, ýöne her ýumurtga üçin alan 3 manadymy yzyna bereni bilen hem mesele çözülmeýär. Sebäbi oňa ýumurtga beren adamlar hem ol ýumurtgalary dürli nyrhlardan satyn alypdyr.

"Edil häzir inkubatorymy satyp, zyýan çeken hojalyklary razy etmekden başga çäre görmeýärin. Sebäbi men diňe özümi däl, beýleki adamlaryň hojalyklaryny hem agyr ýagdaýa saldym. Men olaryň pullaryny gaýtaryp berip, eger pulum galsa, düşse, bir göleli sygyr almakçy. Sygyr ýene gowy, süýt berýär, obanyň elektrik toguna bil baglap, inkubator işledip boljak däl" diýip, geçen ýyl üç sygyryny satyp, inkubator alan ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçysynda inkubatorda jüýje çykarmak işinden zyýan çeken adamlaryň ähli maglumatlary bar, ýöne biz olary howpsuzlyk aladalary sebäpli açmaýarys.

Mundan ozal Azatlyk howanyň aşa sowuk gelmegi bilen, ýurduň sebitlerinde ekilen ýeralmalaryň köp böleginiň zaýa bolandygyny, täze doglan owlak-guzularyň köpüsiniň ölendigini, meýdandaky iri mallaryň açlykdan gotur açýandygyny habar berdi. Emma türkmen häkimiýetleri adamlaryň ykdysady çökgünlik döwründe ýüzbe-ýüz bolýan goşmaça kynçylyklary hakynda syzyp çykýan maglumatlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG