Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tomusky dynç alşyň başlanmagy bilen, bazarlarda gazanç we dilegçilik edýän çagalar köpeldi

Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde ýüzärlik satýan oglan (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde ýüzärlik satýan oglan (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 25-nji maýda okuw ýylynyň resmi taýdan tamamlanmagy bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki iri bazarlarda we onuň töwereginde gazanç gözlegine çykan çagalaryň sany göz-görtele köpeldi. Olar ýüzärlik tütedip, ownuk söwda edip ýa-da adamlardan sadaka sorap, gazanç edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji maýda maglumat berdi.

“Tomusky dynç alyş başlan badyna şäheriň “Gök bazarynyň”, “Ikinji daýhan” hem-de “Merkezi” bazarlarynyň töwereginde mekdep ýaşyndaky çagalaryň sany birden köpeldi. Olaryň sany onlarça bolup, olar ir säherden agşama çenli gazanç gözleginde bolýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Esasan 10-16 ýaş aralygyndaky çagalaryň käbirleri ýüzärlik tütedip gazanç edýär, käbirleri bolsa suw, paket ýa-da ownuk iýmit önümlerini satýar.

“Ýaş ýetginjekleriň arasynda dilegçilik edýänler hem bar. Olar bazarlara gelýän alyjylara doga-dileg aýdyp, sadaka bermegi soraýarlar” diýip, “Gök” bazara söwda etmäge baran bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.

“Öýde iýmäge zat tapylmaýan wagtlary köp bolýar”

Ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýyly resmi taýdan tamamlanan hem bolsa, synpdan synpa geçmek boýunça synaglar we 12-nji synp okuwçylar üçin gutardyş synaglary dowam edýär. Synag möwsümi adatça iýun aýynyň başynda tamamlanýar.

Şol bir wagtda, çagalar özleriniň güzeran ýagdaýlarynyň agyrdygyny, maşgala eklenjine kömek etmäge mejbur bolýandyklaryny aýdyp, köp okuwçynyň häzirki ýagdaýda okuwdan has köp gazanç hakda pikir edýändigini belleýärler.

“Synaglara taýýarlyk gör diýýärler, ýöne öýde iýmäge zat tapylmaýan wagtlary köp bolýar. Kakam wagtlaýyn işsiz, ejem bolsa bazarda ownuk-uşak zat satýar. Men hem öýe kömek etmek üçin çykmaly bolýaryn. Biz ýaly garyp maşgalalaryň çagalary üçin indi esasy pikir — öýe çörek getirmek” diýip, “Gök barada” dilegçilik edýän 12 ýaşly oglan anonimlik şertinde aýtdy.

Bazar söwdagärleriniň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, ýerli polisiýa işgärleri çagalara garşy wagtal-wagtal reýd geçirip, olary bazarlardan kowýarlar.

“Ýöne olar bir salymdan soň ýene yzalaryna gelýärler. Sebäbi olaryň başga alajy ýok, öýlerinde pul ýok” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

“Dawa-jenjeller hem köpelýär”

Çagalaryň özaralarynda ýüzärlik satmak ýa adam köp ýerlerde ýa-da bazaryň merkezinde durmak üstünde gygyryşyp, uruşýan ýagdaýlary hem köp bolýar.

“Ýetginjekleriň arasynda dawa-jenjeller hem köpelýär. Polisiýa gelende bolsa hemmesi gaçýar” diýip, şäheriň “Merkezi” bazaryndaky bir satyjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarada beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim we Polisiýa müdirliklerinden telefon arkaly resmi teswir alyp bilmedi.

Indi 10 ýyl çemesi wagt bäri maliýe-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Köp türkmenistanly aýlyklaryň azlygyny, olaryň azyga zordan ýetýändigini aýdyp gelýär.

Habarçylarymyz bularyň arasynda, güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şol sanda öýsüz adamlaryň, şeýle-de gazanç we dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalaryň köpelendigini aýdyp gelýärler.

Olar bazarlarda ýük daşamak, somsa we börek satmak, awtoýuwalgalarda ulag ýuwmak ýaly işlerde işleýärler. Bu ýagdaýlar, hususan-da, mekdeplerdäki dynç alyş döwründe ýygjamlaşýar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki resmi media bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamazdan, raýatlaryň, şol sanda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny” her gün diýen ýaly tekrarlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG