Türkmenistanyň mekdeplerinde bahar dynç alyşy dowam edýär. Okuwdan dynç alýan çagalaryň ençemesi şu günler gazanç etmäge synanyşýarlar. Awtoulag ýuwýan, bazarlarda ýük daşaýan we dilegçilik edýän çagalaryň sany göz-görtele artdy diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri maglumat berdi.
"Çagalar häzir üçünji çärýek kanikulda dynç alýarlar, emma bu hakykatda çagalar 10 günlük dynç alyş wagtyny bazarlarda araba sürmek, awto moýkalarda zähmet çekmek ýada söwda merkezlerinde ýük düşürmek ýaly ellerinden gelýän işleri edýärler we maşgalalary üçin bir döwüm çörek puluny gazanmaga howlugýarlar" diýip, balkanly çeşme sebitdäki ýagdaý barada 26-njy martda gürrüň berdi.
Tükmenistanda bahar kanikullary şu ýyl 11 gün dowam edýär. Döwlet metbugatyna görä, Nowruz baýramynyň yzýanyna gabat gelen dynç alyş 21-nji martda başlanyp, 31-nji marta çenli dowam eder.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, işleýän çagalar esasan agyr maddy ýagdaýly maşgalalardan bolup, olaryň ujypsyz gazanjy hem maşgalalary üçin kömek bolýar.
"Çagalar işlemegi dilegçilikden gowy görýärler" diýip, Azatlyk bilen gürleşen balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Emma dilegçilik edýän çagalaryň sany hem şu günler köp bolmagynda galýar.
"Gynansak-da dilegçilik edýän çagalaryň sany kanikul döwründe görülmedik derejede köpelýär. Balkanabadyň daýhan bazarynyň, uly dermanhanalaryň, duralgalaryň, "Kämil" market ýaly uly söwda merkezleriniň öňlerindäki çagalaryň sany sanardan köp" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, köçelerde dilegçilik edýän adamlara, şol sanda çagalara polisiýa tarapyndan köplenç üns berilmeýär, käte olaryň polisiýa işgärleri tarapyndan tutulýandygyny görse bolýar.
Azatlyk bilen gürleşen polisiýa işgärleri bolsa, "paç töleýän" ýagny para berýän dilegçi toparlaryň bardygyny we özlerine olara degmezligiň tabşyrylýandygyny aýdýarlar.
Polisiýa dilegçileriň ählisini tutmaýar
"Her gün polisiýa ýygnagynda dilegçileriň polisiýa resmilerine bikanun paç töleýän toparlaryna degmezlik tabşyrylýar, täze hem-de rugsat almazdan dilegçilik edýän çaga ýa-da uly adam bolsun, tapawudy göze ilse, ony tutup getirmek tabşyrylýar" diýip, balkanly polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgärleriniň biri käte täze gelen dilegçililer barada dilegçilik edýän adamlaryň jaň edip, habar ýetirýändigini aýtdy.
"Polisiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän dilegçiler topary rugsatsyz täze dilegçi peýda bolsa, polisiýa jaň edip, tutduryp goýberýärler" diýip, polisiýa işgäri aýtdy we adatça tutulan dilegçileriň jerime töletdirip, goýberilýändigini belledi.
Azatlygyň habarçysy günbatar sebitde dilegçileriň ýagdaýyny we durmuşyny içgin öwrenmäge synanyşdy. Onuň anyklamagyna görä, ujypsyz pul, sadaka sorap dilegçilik edýän aýra-başga adamlardan başga, dilegçilik bilen meşgullanýan guramaçylykly toparlar hem hereket edýär. Olara goşulmak üçin pul töleginiň, dilegçilik nokatlarynyň we 'öz gözegçileriniň' bardygyny habarçy belledi.
"Gündelik girdejileriniň paýyna görä bölünip berilýär. Mysal üçin, Balkanabadyň merkezi bazarynda we awto menzilinde günde bir dilegçi çaga ýa-da uly dilegçiler ortaça 400 manat gazanýan ekeni, ýöne ondan 75% golaý 300 manadyny dilegçiler ýolbaşçysyna berýärler. Ol bolsa, umumy gazançdan welaýat polisiýasyndaky resmilere paý berýär" diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlary welaýatyň kanun goraýjy edaralaryndan resmi görnüşde tassyklap bilmedi.
Mekdeplerdäki dynç alyş döwründe ýurduň dürli künjeklerinde işleýän we dilegçilik edýän çagalaryň sany göz-görtele köpelýär.
Çagalar bazarlarda ýük daşamak, söwda etmek, köçelerde we awtoulaglary ýuwýan nokatlarda işlemekden başga oba hojalygynda, ekin meýdanlarynda hem köp işleýärler we mal bakýarlar.
Emma okuw wagtynda hem işleýän çagalar az däl. Ýanwar aýynda Azatlygyň habarçylary Ahal welaýatynda ýokary synp okuwçylaryň, hususan-da, oglanlaryň arasynda mekdebe gatnaman, sowuk howada dürli işlerde işleýän çagalaryň göz-görtele köpelýändigini habar beripdi. Okuwçylar hojalyklarynyň agyr ýagdaýdadygyny, işläp gazanç etmäge we maşgalalaryna maddy goşant goşmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum