AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 48
5
Günogar Sibiriň Ýakutsk şäheriniň merkezinde, howanyň temperaturasy Selsiýa ölçegleri boýunça -39 derejä düşende köçede gürleşip duran iki adam. (AFP/Mladen Antonov)
6
Ýewropanyň merkezi Polşada, Belhatowda ýerleşýän iň uly lignit elektrik stansiýasynyň üstüne abnan tüsse buludy. "Greenpeace" toparynyň tebigaty goraýjy aktiwistleri geljek hepde Polşada geçiriljek kimat sammitine gatnaşyjylaryň ünsüni kömür ulanmagy azaltmak meselesine çekmek üçin bu stansiýanyň 180 metrlik tüsse çykar diňiniň depesine çykdylar. (AP/Czarek Sokolowski)
7
Oba adamlary suw edinmek üçin buz toplaýan mahallary sowuk howa gyzgyn suw sepip, onuň doňup galyşyna syn edýärler. Oý, Ýakutskdan 70 km uzaklykda, aýazyň selsiýa boýunça -41 derejä ýeten ýeri. Ýakutia respublikasynyň adamlary aşa sowuk howaly günlerde buz eredip, suw edinmeli bolýarlar. (AFP/Mladen Antonov)
8
Makedoniýa. 28-nji noýabr. Skopýede hökümete garşy ýörişe taýýar bolan adamlar baýdak galgadyp, yşarat edýärler. Müňlerçe adamyň goşulan ýörişi esasy oppozisiýa partiýasy - VMRO-DPMNE tarapyndan gurnaldy, olar hökümetiň işden çekilmegini talap edýärler. (AFP/Robert Atanasovski)