ABŞ-nyň harby güýçleri prezident Donald Trampyň Tähran bilen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “tamamlanandygyny” yglan etmeginden we “olara [Eýrana] şu gije güýçli zarba urjakdygyny” haýbat atanyndan birnäçe sagat soň, Eýrandaky nyşanalara täze hüjümleri amala aşyryp başlandygyny aýtdy.
8-nji iýulda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen NATO-nyň sammitinde eden çykyşynda, Tramp Eýranyň ýolbaşçylaryny “nejisler”, “ýalançylar” we “aldawçylar” diýip atlandyrdy.
Tramp bu sözleri Bahreýnde we Kuweýtde sirenalar ýaňlanandan soň aýtdy. Bu ýurtlaryň häkimiýetleri duşmançylykly zarbalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdiler.
“Baş serkerdäniň görkezmesi boýunça ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň güýçleri Eýranyň Hormuz bogazynda gämi gatnawynyň azatlygyna howp salmak ukybyny has-da peseltmek üçin oňa garşy goşmaça hüjümleri amala aşyrmaga başladylar” diýip, ABŞ-nyň harby güýçleri sosial mediada ýaýradan beýanatynda aýtdy.
“Birleşen Ştatlar Eýrany möhüm halkara suw ýolunda erkin ýüzýän söwda gämilerine we raýat ekipažlaryna garşy ýakynda eden esassyz agressiýasy üçin jogapkär hasaplaýar” ABŞ-nyň harby güýçleri belledi.
Eýranyň döwlet metbugaty Bandar Abbas, Konarak we Çabahar port şäherlerinde partlamalaryň bolandygyny habar berdi.
Açyk çeşmeli aňtaw maglumatlaryna gözegçilik edýän OSINTdefender guramasy öz X sosial ulgamyndaky sahypasynda Eýranyň günorta port şäheri Çabaharda bolan partlamany görkezýän tassyklanan wideony ýerleşdirdi we ýurduň günortasyndaky Sistan we Bulujystan welaýatlaryndaky nyşanalara başga hüjümleriň edilendigini habar berdi.
8-nji iýul agşamynda Eýranyň garşy hüjümleri amala aşyrandygy barada hiç hili habar ýokdy.
Bu, Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy harby hüjümleri başlatmagynyň ikinji gijesidir. Zarbalar ABŞ Tährany Hormuz bogazynda söwda gämilerine hüjüm etmekde aýyplanyndan soň, ony Eýranyň nebit satuwyny öz içine alýan möhüm sanksiýalardan boşatmagy ýatyrmagyndan bir gün soň boldy.
Bu hereketler Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň geçen aý duşmançylygy bes etmäge we dünýäniň iň möhüm deňiz geçelgeleriniň birini gaýtadan açmaga gönükdirilen 60 günlük özara düşünişmek memorandumyna gol çekmeginden bäri iň çynlakaý krizisi alamatlandyrýar.
NATO sammitinde Tramp ylalaşygyň indi tamamlanandygyny aýtdy.
“Meniň üçin, meniň pikirimçe, ol tamamlandy. Men indi olar bilen iş salyşmak islemeýärin. Olar nejisler” diýip, Tramp aýtdy. “Olar näsag adamlar. Olara näsag adamlar ýolbaşçylyk edýär. Olar rehimsiz, diýdimzor adamlar we eger olaryň ýadro ýaragy bolan bolsa, ony ulanardylar. Meniň üçin bu mesele tamamlandy” diýip, Tramp aýtdy.
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam edip biljekdigini hem sözüne goşdy. Ýöne ol “Meniň üçin olar bilen iş salyşmak diňe wagt ýitirmek. Olar ýalançylar” diýip, sözüne goşdy.
Diplomatik çeşmeler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Trampyň NATO liderleri bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen duşuşykda bu sözleri gaýtalamandygyny aýtdylar. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Eýran bilen baglaşylan özara düşünişmek memorandumy bilen ilteşikli howp asla ara alnyp maslahatlaşylmady.
Sammitiň jemleýji beýanatynda Eýran barada diňe bir setir bolup, onda “Ýaranlar Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmaly däldigini gaýtalaýarlar we Eýrany Hormuz bogazynda gämi gatnawynyň azatlygyna doly hormat goýmaga çagyrýarlar” diýilýär.
Soňra Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen birlikde žurnalistlere beren interwýusynda Tramp ABŞ-nyň mundan beýläk-de hüjümleriniň dowam etmeginiň mümkindigini yşarat etdi.
“Biz düýn gije olara örän güýçli zarba urduk. Bu gije hem olara ýene-de güýçli zarba urulmagy mümkin” diýip, Tramp aýtdy we “olar hakykatdanam muňa mynasypdyrlar” diýip sözüniň üstüne goşdy. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Eýranyň portlaryna we suwlaryna garşy deňiz blokadasynyň täzeden girizilip bilinjekdigini aýtdy.
Bir gijede näme boldy?
Bir gije öň ABŞ harbylary zarbalaryň Hormuz bogazyndan geçýän üç täjirçilik gämisine, şol sanda Kataryň suwuklandyrylan tebigy gaz tankerine edilen eýran hüjümleri diýlip häsiýetlendirilen hereketlere göni jogap bolandygyny aýtdy.
“Hüjümler halkara suw ýollarynda ekipažy bigünä raýatlardan ybarat bolan söwda gämilerini nyşana almak we hüjüm etmek bilen, agyr zyýan ýetirmäge gönükdirildi” diýip, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýranyň hereketlerini “esassyz, howply we ok atyşygy bes etmegiň aç-açan bozulmagy” diýip atlandyrdy.
Soňra Eýran ABŞ-nyň Bahreýndäki we Kuweýtdäki desgalaryna zarba urandygyny aýtdy. Iki ýurt hem howa goranyş ulgamlarynyň işjeňleşdirilendigini habar berdi, Kuweýtiň harby güýçleri bolsa “iki duşman ballistik raketasyny we 13 duşman dronuny” ele salandygyny aýtdy.
Harby hüjümler bilen birlikde, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Eýranyň nebit satuwyna beren ygtyýarlygyny ýatyrdy we geçen aý gol çekilen özara düşünişmek memorandumy esasynda togtadylan we ýeňilleşdirilen sanksiýalary gaýtadan dikeltdi.
ABŞ-nyň resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu kararyň administrasiýanyň islendik ykdysady ýeňilligiň Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine baglydygy baradaky uzak wagtlap dowam eden pozisiýasyny şöhlelendirýändigini aýtdy.
"Prezident Trampyň we administrasiýanyň birnäçe gezek tassyklaýşy ýaly, Eýran bilen baglaşylan özara düşünişmek baradaky memorandumy doly derejede diňe iş netijelerine esaslanýar. Eýran diňe gowy hereket görkezse, onda onuň peýdasyny görer" diýip, resmi aýtdy.
“Eýranyň bogazdaky hereketleri Birleşen Ştatlar üçin düýbünden kabul ederliksizdi we munuň netijeleri bolar. Gepleşikçilerimiz gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin hoşniýetlilik bilen işlemegini dowam etdirýärler" diýip, ol sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum