Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hindistanyň rus nebitini satyn almazlygy söz berendigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Hindistanyň Russiýadan nebit satyn almazlygy wada berendigini aýtdy.

"Ol [Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi] maňa Russiýadan nebit satyn almajakdyklaryny ynandyrdy” diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, emele gelen ýagdaýlar sebäpli, muny "derrew etmek mümkin däl”, ýöne satyn almalary togtatmak dowamsyz bolar.

Tramp Hytaý tarapyndan hem şuňa meňzeş çäreleriň görülmegini gazanmak isleýändigini aýtdy.

Hindistan rus nebitini iň uly satyn alyjylarynyň biri bolup durýar. Ol nebitiň uly bölegi soňra gaýtadan işlenip, beýleki ýurtlara eksport edilýär.

Hindistanyň Daşary işler ministrligi durnuksyz energiýa ýagdaýynda hindi sarp edijileriniň bähbitlerini goramagyň ýurt üçin hemişe ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy.

"Biziň import syýasatymyz dolulygyna şu maksada ýetmäge gönükdirilen" diýip, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Şri Randhir Jaýswal aýtdy.

XS
SM
MD
LG