Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen, Balkan welaýatynda ilatyň sebitara transport kynçylyklary ýitileşdi.
Sebitden ýurduň beýleki welaýatlaryna gitmek isleýän ýaşaýjylar otly, uçar we awtobus biletlerini tapmakda kynçylyk çekýärler. Bu aralykda, sebitara kireý edýän hususy taksileriň bahasy tas iki esse gymmatlady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
"Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda, ýagny 25-nji awgustda Awazadaky myhmanhanalaryň köpüsinde dynç alyş möwsümi tamamlandy. Myhmanlaryň aglabasy öýlerine dolandy ýa-da häzirem dolanmaga çalyşýar" diýip, myhmanhanalardaky çeşmelerimiz aýdýarlar.
Şeýle-de, 26-njy awgustdan başlap myhmanhanalaryň köpüsi möwsümleýin, ýagny diňe tomus aýlarynyň dowamynda işleýän işgärlerini işden boşatdy. Bu işgärleriň aglabasy, çeşmelerimiziň sözlerine görä, ýurduň beýleki welaýatlarynyň ýaşaýjylarydyr.
“Hem syýahatçylar, hem-de myhmanhana işgärleri öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanyp başladylar. Bu bolsa sebitde öňden hem bar bolan transport kynçylyklaryny ýitileşdirdi. Adamlar häzir ne uçar, ne-de otly we awtobus biletlerini tapyp bilýärler. Hat-da para berseň-de tapdyrmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Goşmaça otly we awtobus gatnawlary goýulmaz"
26-njy awgustda Awazanyň golaýynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň demirýol menzilinde otly we awtobus biletlerinden tamakin bolup, ýüzlerçe adam üýşdi. Ýöne menziliň resmileri ýolagçylara dilden beren maglumatlarynda 15-nji sentýabra çenli otly biletleriniň ýokdugyny aýtdylar.
“Şeýle-de, resmiler goşmaça otly we awtobus gatnawlarynyň hem ýola goýulmajakdygyny aýdyp, demirýol menziline üýşen adamlara hususy taksileriň hyzmatyndan peýdalanmagy maslahat berdiler” diýip, bu ýerdäki maryly ýolagçylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, häzirki wagtda Türkmenbaşydan ýurduň beýleki sebitlerine günde iki awtobus we bir otly gatnawlary bar. Bu awtobuslar we otlular ilki Aşgabada barýarlar we bu ýerden hem ilki Mara, soňra-da Lebaba ugraýarlar. Şeýlelik-de, Türkmenbaşydan Lebabyň çetki etraplaryna barýan ýolagçylaryň sapary 20 sagada çenli dowam edip bilýär.
Şeýle-de, “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň web sahypasyndaky maglumatlara görä, Türkmenbaşy aeroportundan Aşgabada günde 4-5 sany göni uçar reýsi bolsa-da, ýurduň beýleki welaýat merkezlerine göz öňünde tutulan ýekeje-de göni uçar reýsi görkezilmeýär.
Türkmenistanlylar bu gatnawlaryň ilatyň talabyny adaty günlerde hem köplenç ödäp bilmeýändigini, dynç alyş möwsüminiň başlanýan ýa-da gutarýan, şeýle-de baýramçylyk günlerinde bolsa, bu meseläniň has-da ýitileşýändigini aýdyp gelýärler.
Resmiler wagtal-wagtal ýitileşýän transport kynçylyklaryny aç-açan agzap, onuň sebäpleri barada gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada resmi metbugatda hem habar berilmeýär.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada ýerli transport resmilerinden, şeýle-de Türkmenbaşynyň demirýol menziliniň wekillerinden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 27-nji awgustda bu menziliň ýurduň "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
"20 sagat dik aýak üstünde durmaga razy"
Bu aralykda, otly, uçar we awtobus biletleriniň gytçylygynyň arasynda, sebitara kireý edýän hususy taksileriň bahasy tas iki esse gymmatlady.
“Ozal Türkmenbaşydan Aşgabada bir adam üçin 300-500 manat kireý alan taksiler häzir 1200 manat soraýarlar. Käbir adamlar işine wagtynda baryp ýetişjek bolup, soralýan puly bermäge mejbur bolýarlar” diýip, lebaply ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, Lebabyň Köýtendag etrabyndan gelip, Awazanyň bir myhmanhanasynda üç aý işlän 40 ýaşlaryndaky zenan taksi nyrhynyň aýlygynyň tas ýarysyna deňdigini aýdyp, çeken zähmeti “puç bolmaz ýaly, otluda 20 sagat dik aýak üstünde durmaga hem razydygyny” belledi.
“Men 2500 manat aýlyga işläp, çagalaryma okuw esbaplaryny, egin-eşiklerini satyn almak üçin pul üýşürdim. Häzir onuň 1200 manadyny taksä bersem, onda galan pulum çagalarymyň mekdep çykdajylaryna ýetjek däl. Üç aýlyk zähmetim puç bolmaz ýaly, häzir 20 sagat otlynyň geçelgelerinde dik aýak üstünde durup gitmek üçin otly ýolbeletlerinden, para bilen, bilet almaga synanyşýaryn” diýip, köýtendagly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň "Demirýollary" kärhanasynyň web sahypasynda ýolagçylaryň otly koridorlarynda, geçelgelerinde dik aýak üstünde syýahat etmegi üçin niýetlenen biletler resmi taýdan satuwda görkezilmeýär.
Muňa garamazdan, ýurtda wagonlarda bilet tapyp bilmeýän ýolagçylara otly geçelgelerinde, hat-da hajathanalarynda dik aýak üstünde syýahat etmek üçin biletleriň satylmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň transport pudagynyň kämilleşdirilýändigini, halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalaryň ornaşdyrylýandygyny wagtal-wagtal mälim edýärler. Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat otly, uçar we awtobus petekleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum