Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Erdogany Germaniýa sapar eder


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Arhiw suraty
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Arhiw suraty

Iki ýurduň Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda barýan uruş meselesindäki dürli garaýyşlary bilen baglylykda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 17-nji noýabrda Berlinde gysga wagtlyk sapara gelmegine garaşylýar.

Hamas Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan terror guramasy diýlip hasaplanylýar.

Erdogan german kansleri Olaf Şolz we prezident Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşar.

Şolz Erdogany maý aýynda, gaýtadan prezident saýlanandan soň sapara çagyrdy.

Iki ýurduň Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden hüjüminden soň bolup geçen wakalar baradaky garaýyş tapawutlarynyň barha ulalmagy bu sapara kölege salýar.

XS
SM
MD
LG