Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy


Türkiýäniň "Milliyet" neşirinden alnan surat.
Türkiýäniň "Milliyet" neşirinden alnan surat.

Türkiýäniň Izmir şäherindäki bir öýde dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy. Üç sanysy zenan we biri erkek merhum türkmenistanlylaryň ölümi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, Türkiýäniň Çeşme şäherinde bir türkmen raýaty tussag edildi. Bu barada türk mediasy maglumat berýär.

Ene we onuň iki gyzynyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidiniň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda Izmiriň Baýrakly etrabynyň Adalet mähellesindäki iki gatly bir jaýda tapyldy.

“Milliyet” neşiriniň maglumatyna görä, Gülkamar Hanymowanyň, Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň we R.K. diýlip, adynyň hem-de familiýasynyň baş harplary berilýän ýene bir türkmenistanlynyň ýakynlary olardan habar alyp bilmänsoň, polisiýa ýüz tutýarlar.

Wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri ene we onuň gyzlarynyň böleklere bölünen jesetlerini doňduryjynyň, olar bilen bir öýde ýaşaýan türkmenistanly erkegiň jesedini bolsa sowadyjynyň içinde tapýarlar.

Olary öldürmekde güman edilýän we Çeşmede işleýändigi mälim edilen Türkmenistanyň başga bir raýaty tussag edildi. Pajygaly wakadan soň, Çeşmä gaçyp gidendigi aýdylýan bu adamyň öldürilen enäniň halaşýanydygy bellenilýär.

“Öldürilen adamlar, wakadan öň derman goşulan içgi berlip, ukladylypdyr” diýip, türk neşiri belleýär.

Dört türkmenistanlynyň jesetleri prokuraturanyň derňewinden soň, Izmir kazyýet lukmançylyk institutyna iberildi. Türk häkimiýetleri waka boýunça giň gerimli derňew başlatdylar. Ýöne türk mediasynda jenaýatyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Etrapçanyň birnäçe ýaşaýjysy polisiýa işgärlerine salgylanyp, türkmenistanlylaryň anyk haçan öldürilendiginiň belli däldigini aýdýar.

“Ganhoryň ilki adamlary öldürendigi we birnäçe gün soňra doňduryja goýandygyny eşitdik” diýip, “Milliyet” neşiri Ferhat Özkul atly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosynyň waka boýunça Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi. Türkmen wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 19-njy iýunda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 8-nji iýunda çap eden täze sanlaryna görä, häzirki wagtda 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan raýatlary, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda maglumat bermeýärler.

Ýöne türk metbugatynda türkmen raýatlary barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar. Şu aýyň birinji ongünlüginde Stambulyň Beýlikdüzü etrabynda äri bilen kireýine tutan bir jaýynyň içinde 32 ýaşly türkmen raýaty Mähri Ereşowanyň jesedi tapyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG