Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH 3-nji iýulda habar berdi.
“Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine berk ynam bildirýäris” diýip, döwlet baştutanynyň hatynda aýdylýar.
Şýle-de, habarda bellenmegine görä, Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.