Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Aşgabat ABŞ-nyň sanksiýalaryna örän üns bilen çemeleşýär

Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Elizabet Horst. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasyndan alnan surat
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Elizabet Horst. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasyndan alnan surat

Aşgabatda ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda C5+1 köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk, Birleşen Ştatlaryň Eýrany ykdysady taýdan izolirlemäge gönükdirilen täze sanksiýalar kampaniýasyny yglan eden we munuň Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili täsir etjekdigi barada soraglaryň orta atylýan mahaly bolup geçdi.

Türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmämiz Aşgabadyň ABŞ-nyň sanksiýalaryna eýermek baradaky haýbatlaryna örän üns bilen çemeleşýändigini aýtdy. Amerikan analitigi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hakykatda saýlap-seçmek mümkinçiliginiň azdygyny, Birleşen Ştatlaryň geçirimlilik bilen garamagyna mätäçdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 9-njy sentýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň wekilleriniň “sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny” aýtdy.

“Möhüm minerallar, söwda we ulag pudaklarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň aýratyn bölümi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda degişli döwlet edaralarynyň we bilermenler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy” diýlip, ministrligiň beýanatynda sanksiýalar barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny - Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän C5+1 formaty umumy ykdysady, howpsuzlyk we ekologiýa meselelerini çözmek üçin sebitleýin diplomatik platforma hökmünde 2015-nji nji ýylda döredildi.

Bu formatyň sekretariatynyň türkmen paýtagtyndaky nobatdaky duşuşygy Donald Trampyň administrasiýasynyň Eýrana garşy ykdysady blokadany güýçlendirýän mahalynda geçirildi.

ABŞ-nyň Gazna sekretary Skott Bessent 24-nji awgustda “Ykdysady taýdan ýekirilen” diýip atlandyran operasiýasyny yglan etdi. Ol muny Eýranyň söwda hyzmatdaşlaryny Tähran bilen söwda gatnaşyklaryny saklap galmak bilen ABŞ-nyň maliýe ulgamyna elýeterliligiň haýsam bolsa birini saýlamaga mejbur etjek görülmedik tagalla hökmünde häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň Eýrany ykdysady taýdan izolirlemäge gönükdirilen täze kampaniýasynyň jikme-jiklikleri heniz takyk belli bolmasa-da, bu, munuň Eýran bilen ýyllyk söwda dolanşygy milliardlarça ABŞ dollaryna barabardygy çaklanylýan Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili täsir edip biljekdigi barada soraglaryň artmagyna getirdi.

“Haýbatlara örän üns bilen çemeleşýär...”

Sebit häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada heniz aç-açan beýanat bilen çykyş etmediler. Aşgabat hem, adatça bolşy ýaly, dymyşlygyny saklaýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda üstaşyr transport pudagy bilen bir hatarda, azyk önümleriniň, dokma, nebithimiýa we gurluşyk materiallarynyň, ýyladyşhana enjamlarynyň, awtoulag ätiýaçlyk şaýlarynyň söwdasy amal edilýär. Ýöne ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, tebigy gazyň swap ylalaşyklary görnüşindäki söwdasy olaryň başynda gelýär.

Türkmen häkimiýetleri iki ýurduň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygynyň möçberi baradaky sanlary aç-açan mälim etmeýärler.

Ýöne şu ýylyň fewral aýynda Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 5 milliard ABŞ dollaryna çykarmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmämiz häzirki wagtda Aşgabadyň ABŞ-nyň Eýrana we Russiýa garşy girizýän sanksiýalaryna eýermek baradaky haýbatlaryna örän üns bilen çemeleşýändigini aýdýar.

“Türkmen häkimiýetleriniň bu seresaplylygy ABŞ-nyň ‘ikinji derejeli’ sanksiýalaryna, hususan-da, SWIFT-i blokirlemek we hökümetara ylalaşyk boýunça ABŞ-nyň Gaznasyndan nagt ABŞ dollarynyň alynmagyny gadagan etmek howpundan gelip çykýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Ol ýurtda serhetüsti geçirimleriň ählisiniň diýen ýaly ABŞ dollarynda amala aşyrylýandygyny we ygtyýarly ABŞ banklary arkaly işlenilip dolandyrylýandygyny hem aýtdy.

“Geleşiklere girizilen islendik çäklendirmeler tutuş ykdysadyýetiň dargamagyna getirip biler” diýip, çeşmämiz belledi.

“Saderatyň” Aşgabatdaky şahamçasy we “işleriň togtadylmagy...”

Russiýanyň “ng.ru” websaýty “Axios” neşirine salgylanyp, 8-nji sentýabrda çap eden maglumatynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň Birleşen Ştatlaryň ilçihanalaryna hökümetlere resmi “demarş” bildirmegi tabşyrandygyny habar berdi.

“Waşington Eýran bilen söwdany bes etmegi, onuň bilen baglanyşykly kompaniýalaryň anyklanmagyny we Bank Melli we Bank Saderat şahamçalarynyň ýapylmagyny talap edýär. Bu talaby bozanlara ikinji derejeli sanksiýalar we dollar ulgamyndan arabaglanyşyklaryny kesmek howpy abanýar” diýip, neşir belledi.

Eýranyň “Saderat” bankynyň Aşgabatda hem şahamçasy bar.

Türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmämiz ABŞ-nyň “Ykdysady taýdan ýekirilen” diýip atlandyran operasiýasy yglan edileni bäri Türkmenistanyň hökümetiniň bu bank şahamaçasyna öz işini bes etmelidigi barada resmi buýruk iberendigini görkezýän köpçülige elýeterli aç-açan maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, ol “Saderat” bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasyna “işleriň togtadylmagy barada tabşyryk” iberilendigini we oňa dowam edýän hasaplaşyklary, tölegleri we kepillikleri tamamlamak üçin wagt berlendigi barada näresmi maglumatlaryň bardygyny belledi.

Bank müşderileriniň biri, türkmenistanly telekeçi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu ýagdaýlary tassyklap, Aşgabatdaky “Saderat” bankynyň özlerine dilden maglumat berendigini we özleriniň “goşmaça düşündirişlere garaşýandygyny” aýdandygyny gürrüň berdi.

“Häzirki wagtda diňe işleri togtatmak barada buýruk gelip gowuşdy we hepdäniň ahyryna çenli häzirki kepillik hyzmatyny tamamlamak, ýagny ýurda gelen harytlar üçin puly bermek tabşyryldy” diýip, telekeçi bank şahamçasynyň işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlyk “Saderat” bankynyň Aşgabatdaky şahamaçasy bilen habarlaşyp, bu ýagdaýlar barada telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 10-11-nji sentýabrda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Bu barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Merkezi Bankyndan hem teswir alyp bolmady.

Bankyň ýapylmagy kimlere we nähili täsir edip biler?

“Saderat” bankynyň Aşgabatdaky şahamçasy, çeşmämiziň sözlerine görä, Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary sebäpli SWIFT ulgamyna elýeterliligiň ýoklugy zerarly doly müşderi hyzmatyny hödürlemeýär.

Bu bank şahamçasy Eýranda we Türkmenistanda türkmen we eýran hususy telekeçileri bilen kiçi we orta kärhanalaryň arasyndaky özara hasaplaşyklar üçin “kepil” bolup hyzmat edýär.

Çeşmämiz ABŞ-nyň sanksiýalarynyň çäginde ýurduň Eýran bilen söwda we üstaşyr gatnawlary togtadylan halatynda, Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin netijeleriniň uly bolup biljekdigine hem ünsi çekdi.

“Azyk bazaryna esasan täsir eder. Türkmen bazarlarynda süýt önümleriniň we süýji-köke ýaly azyk üpjünçiliginiň 20-30 göterimini eýran önümleri emele getirýär. Kartoşka käşir ýaly bu kategoriýadaky beýleki gök-bakja önümleri bolsa, möwsüme baglylykda 50-70 göterimine çenlisini düzýär. Serhetüsti söwdanyň togtadylmagy gurluşyk senagatyna hem ýiti täsir eder” diýip, çeşmämiz belledi.

“Meniň pikirimçe, onda boşluklar bolup biler...”

ABŞ öý hojalyk harytlary we gurluşyk materiallary ýaly söwda we üstaşyr gatnawlaryň ähli görnüşlerini bes etmek isleýärmi ýa-da çäklendirmeler diňe energiýa we bank işleri ýaly strategik pudaklara gönükdirilermi? Bu häzirlikçe anyk belli däl.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy munuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Eýranyň arasyndaky söwda we üstaşyr gatnawlar üçin nämäni aňladýandygy baradaky sorag bilen ABŞ-nyň milli howpsuzlyk we geosyýasat boýunça analitigi James Durso ýüzlendi.

Ol 10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “olar [ABŞ] ‘hiç bir çydamlylyk görkezilmez’ diýse-de, onda boşluklaryň bolup biljekdigini, sebäbi Bessentiň we Trampyň syýasatçydygyny” aýtdy.

“Şonuň üçin, meniň pikirimçe, olar hemme zady ýapmaga synanyşmagyň ýerine, gerek bolşy ýaly ikinji derejeli sanksiýalary ulanarlar. Şeýle çäreler hem tutuş sebitde durnuksyzlyga sebäp bolup biler. Bilşiňiz ýaly, Tramp Merkezi Aziýa bilen ýakyndan gatnaşyk etmek, liderler bilen duşuşmak we ylalaşyklary gazanmak üçin köp wagt sarp etdi. Indi ol bularyň hemmesini ýok etmegi meýilleşdirýär. Bu ýagdaýda Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý bilen gatnaşyklary ýola goýmaga barha köp üns berip bilerler” diýip, Durso aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ABŞ Eýrany nähili bahanyň öwezine bolsa-da ýeňmegiň zerurdygyna ynanýar we özüne hemmeleriň kömek etmegini isleýär. Emma Merkezi Aziýa döwletleri Eýranyň ähtimal ýeňlişiniň öz bähbitlerine boljakdygyna ynanmaýarlar.

“Mundan başga-da, bu serhetde durnuksyzlyga — bosgunlaryň akymyna we zorlukly wakalaryň döremegine getirip biler. Şeýle hem, eger Eýranyň ykdysadyýeti doly çökse, olar 93 million ilaty bolan bazary ýitirip bilerler. Şonda hiç kim hiç zat satyn almaz. Şonuň üçin munuň olara hiç hili peýdasy bolmaz” diýip, analitik belledi.

Nähili mümkinçilikler galýar?

Eger Eýranyň üstünden tranzit geçýän ulaglara “nol çydamlylyk” syýasaty ulanylsa, bu Merkezi Aziýa ýurtlaryna, hususan-da, bu ýola has köp garaşly bolan Türkmenistana, Özbegistana we Täjigistana nähili täsir eder?

Demirgazyk koridor sanksiýalaryň astynda, Günorta koridor bolsa hüjüm astynda. Orta koridor heniz doly kuwwatynda işläp bilmeýär. Eger “Ykdysady taýdan ýekirilen” diýip atlandyran operasiýanyň çäklerinde Eýranyň üstünden tranzit geçýän ulaglara hem jeza çäreleri görlüp başlansa, onda sebit deňze we dünýä bazarlaryna çykmak babatynda has-da izolýasiýa düşüp biler.

Şeýle bolanda nähili mümkinçilikler galar diýen soragymyza Durso galan ýeke-täk wariantyň Owganystan arkaly Pakistana, soňra bolsa Gwadar ýa-da Karaçi portlaryna barýan ýoldugyny, emma munuň “Talyban” bilen iş salyşmagy talap etjekdigini aýtdy.

“ABŞ häzirki wagtda Eýran bilen şeýle bir meşgul welin, ‘Talyban’ hiç kimiň ünsüni öz üstüne çekmän, aradan syzyp geçip biler... Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aslynda saýlap-seçmek mümkinçilikleri az. Olar ABŞ-nyň geçirimlilik bilen garamagyna mätäç: Waşington Eýrana doly ünsi gönükdiren hem bolsa, beýleki ýurtlaryň Eýrany ulag geçelgeleri ýaly zatlar üçin ulanmaga rugsat bermegine mätäç. Bu ýurtlaryň ykdysadyýeti kiçi, ýöne olar uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirýärler we olaryň ýaş ilaty köp” diýip, ol belledi.

Analitik Durso ABŞ-nyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine zyýan ýetirmezlik üçin paýhasly karar kabul etmeli boljakdygyny, munuň bolsa, Birleşen Ştatlaryň bu ýurtlara peýda getirýän käbir “syzdyryşlara” [sanksiýalary sowa geçmäge] rugsat bermäge taýýardygyna ýa-da taýýar däldigine baglydygyny hem nygtady.

C5+1 formatyndaky duşuşyklaryň soňkusy geçen ýylyň noýabrynda Waşingtonda geçirilipdir. Şonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň liderlerini kabul edipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG