Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uçurymlary gutardyş synaglaryndan öň goşuna çagyrylýar

Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyrylyş 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli geçirilýär.
Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyrylyş 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli geçirilýär.

Türkmenistanyň orta mekdeplerini şu ýyl tamamlaýan uçurymlaryň arasynda 18 ýaşy dolan ýigitler goşuna alynýar. Olardan gutardyş ekzamenlerden öň göni goşun gullugyna başlamak talap edilýär.

"Mekdep synaglary 18-nji iýunda tamamlanmaly, emma erkek göbekli 18 ýaşa ýeten okuwçylaryň okuwy barmy, saglygy ýokmy tapawudy ýok, göni 30-31-nji maý we 2-4-nji iýun aralygynda Balkanabatdaky otprawka barmalydygy hakynda powestka gowşuryldy" diýip, balkanly çeşme 26-njy maýda habar berdi.

Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyrylyş 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli geçirilýär. Resmi düzgüne görä, bu döwürde 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli, möhleti yza süýşürmek ýa-da boşatmak hukugy bolmadyk erkekler harby gulluga çagyrylýar.

Gulluk borjuny yza süýşürmek hukugy berjaý edilmeýär

Mekdebi tamamlan ýaşlar, ekzamen tabşyrmaga pursat berilmän, goşuna çekilýän wagtynda olaryň arasynda goşun gullugyny yza süýşürmäge kanun taýdan haky bolan ýaşlar hem bar.

ÝOJ-na okuwa giren ýaşlaryň harby gullugyny yza süýşürmäge kanuny hukugy bar. Ýokary okuw jaýyna girmek maksatly harby gullugy yza süýşürmek üçin raýata 6 aýlyk wagt möhleti berilýär.

Emma ene-atalar düzgünleriň çylşyrymlydygyny aýdyp, para bermedik ýaşlaryň dürli bahanalar bilen goşun gullugyna alnyp gidilýändigini aýdýarlar.

"Ähli zat ýanwardaky para aldym-berdime bagly bolýar. Ýanwarda okuw üçin we harby gullugy gijikdirmek üçin para bermedik ene-atalaryň çagalary iýunyň 20-ne çenli harby gulluga alnyp gidilýär. Ýokary okuw jaýy hem ýanwarda parasyny alyp, karar çykarýar" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýdýar.

Balkanyň harby bölümlerindäki ýagdaýdan habarly çeşme şu ýyl harby gullugy yza süýşürmek üçin paranyň 100 müň manat bolandygyny aýtdy, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 28 571 müň amerikan dollaryna barabar.

Diňe okuw bilen bagly däl, eýsem ýaşlaryň saglyk boýunça harby gullukdan boşadylmagyna degişli kanuny hukugy hem iş ýüzünde berjaý edilmeýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen balkanly harbylar goşun gullugyna alynýan ýaşlaryň san taýdan örän azdygyny aýdyp, muny demografik krizisi we gulluga islegsizlik bilen baglanyşdyrýarlar. Olar bu ýagdaýda gulluga ýarawsyz raýatlary almaga mejbur bolýandygyny belleýärler.

"Soňky ýyllarda demografik ösüş pes bolany üçin maýyp oglanlary harby gulluga almak adaty ýagdaý. Gözi -5 ölçegdäki oglanlary harby gulluga alyp gidip, serhet çäklerini ynanýarlar. Bizde professional armiýa ýok" diýip, balkanly harby aýtdy.

Goşun gullugyna 'höwesjeň' ýok

Aşgabatly çeşmeler hem ýerli harby bölümlerde şu ýyl goşun gullugyna çagyrylýan ýaşlaryň arasynda saglyk taýdan gulluga ýarawsyz raýatlaryň köpdügini tassyklaýarlar.

"Häzir harby gulluga gitmekçi bolýan höwesjeň adam ýok, zorluk salyp olary harby gulluga äkidýärler, ýagny gözünde, gulagynda kem bolan ýaşlar ýa-da başga keselleri bolanlar hem harby gulluga äkidilýär" diýip, paýtagtly çeşme aýtdy.

Başga bir çeşme goşun gullugyna alynýan ýaşlaryň sanyny artdyrmak üçin dürli çäre görmeli bolýandygyny belledi: "Harby gullukçy ýetenok, şol sebäpden daşary ýurtlara okuwa gitjekleri hem ugratman alyp galmaly bolýarys, şonuň üçin keseli gözüňe dürtülip, görnüp duran bolmasa, olaram keseline garamazdan, harby gulluga çekmeli bolýar".

Ýaşlaryň arasynda harby gulluga islegiň bolmazlygyna goşun gullugyndaky şertleriň ýowuzlygy, açlyk, hapaçylyk we mundan başga harby ýolbaşçylar we gullukdaşlary tarapyndan görkezilýän zulum we sütem - dedowşina sebäp bolýar.

Çeşmeleriň ýene biri ýaşlaryň goşun gullugyndan syrkaw, fiziki we ruhy saglygyny ýitirip, hatda maýyp bolup gelýändigini belledi: "Harby gullukdan gelenlerinde syrkaw halda gelýärler, olar 2 ýyllap harby tälim almagyň ýerine dürli agyr işlerde dynç günsüz işläp gelýärler we soň işe ýaraman, gaýta hassahanalarda bejergi almaly bolýarlar".

Goşun gullugyny tamamlap, ýaňy-ýakynda öýüne gelen balkanly ýaşaýjy öz başdan geçirenlerini şeýle gürrüň berdi: "Harby gulluk döwründe açlygy, horlugy çekip-çydap bilmän öz janlaryna kast edýänler hem gaty kän, ýagny iňňe ýuwudýan, özüni asmakçy bolýan, awtomat bilen öz aýagyndan atýan, uksus içýän, 3-4-nji gatdan özüni aşak taşlap aýagyny, elini döwdürýän hem bardy" diýip, esger başdan geçiren ýagdaýlaryny suratlandyrdy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly çeşmeleriň ýene biri goşun gullugyndaky problemalaryň iňňän agyrdygyny belläp, olary resmi taýdan boýun alynmazdan çözüp bolmaz diýip, pikir edýändigini aýtdy.

Harby tälime derek işledilýär

"Harby gulluga islegi bolmadyk adamlary harby gulluga çekmegi dogry hasaplamaýaryn. Ekläp-saklap bilmeseler biziň döwletimizde harby bölümleri ýapmaly, häzir orta mekdebi tamamlan oglanlary harby gulluga çekip, mugt işgär hökmünde dürli işlerde işledýärler" diýip, çeşme esgerleriň harby tälime derek oba hojalygynda mugt işledilýändigini mysal getirdi.

"Pile - ýüpek gurçuk tutmak, pagta meýdanlarynda otag, ýekeleme işleri, pagta ýygmak, ýeralma ekmek we köwläp almak, şeker şugundyryny ýygnamak, mal bakmak ýaly ýene dürli işlere çekilýärler" diýip çeşme aýdy.

Bu ýagdaýda para bermek bilen goşun gullugyndan saplanmaga islegler ýokarlanýar. Munuň bilen bir hatarda parahorlugyň möçberi we mukdary artýar.

Gulluk borjuny doly berjaý edip, goşundan gaýtmak üçin hem para alynýar.

Şu ýylyň aprel aýynda öýüne barmak isleýän esgerleriň hossarlaryndan 10 müň manat para soralandygy belli boldy. Bu barada Azatlyk Radiosyna Balkanda gulluk edýän ogullaryny alyp gitmek üçin ýurduň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan baran ene-atalaryň birnäçesi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG