Türkmen wekiliýeti Ženewada Halkara migrasiýa guramasynyň (IOM) Geňeşiniň 116-njy sessiýasyna gatnaşýar diýip, türkmen metbugaty 9-njy dekabrda habar berdi.
8-nji dekabrda başlanan mejlisde halkara migrasiýasy, migrasiýa bilen ösüşiň arabaglanyşygy, Guramanyň strategik ugurlary bilen bagly möhüm meselelere seredilýär diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwran Baýramowyň sessiýada eden çykyşynda nygtamagyna görä, migrasiýa proseslerini dolandyrmak üçin ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygy we toplumlaýyn çemeleşme zerur.
Şeýle-de, ol 2030-njy ýyla Gün tertibini, Migrasiýa we bosgunlar boýunça Ählumumy ylalaşyklar ýaly halkara çarçuwaly resminamalary milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmagyň möhümdigini belläpdir.
Bulardan başga, türkmen DIM-niň web sahypasynda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Baýramow Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, kanuny migrasiýa ugurlarynyň ýeňilleşdirilmegi, giriş we çykyş amallarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de migrantlaryň sosial we zähmet hukuklarynyň deň üpjün edilmegi babatda edilýän tagallalar barada maglumat beripdir.
Ýerli synçylar we adam hukuklaryny goraýjylar, şol sanda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän zähmet migrantlary, Türkmenistanda dörän çylşyrymly syýasy, ykdysady, medeni meseleler sebäpli daşary ýurtlara göçen türkmenistanlylar Döwlet migrasiýa gullugynyň kanunda kepillendirilen ýeňillikleri kynlaşdyrýandygyny öňe sürýärler.