Türkmenabat şäherinde häkimiýet wekilleri köp gatly jaýlaryň girelgelerine we olaryň her gatynda ýerleşýän elektrik bölüji gurallara, awtobus duralgalaryna we köçe çyralarynyň sütünlerine ýapyşdyrylan mahabat we bildiriş kagyzlaryny köpçülikleýin aýryp başladylar.
Olar raýatlara, şol sanda telekeçilere dilden berýän maglumatlarynda bu çäreleriň sebäbini “mahabatyň bu görnüşiniň gadagandygy” bilen düşündirýärler. Lebaplylaryň ençemesi gadagançylygyň ownuk gazanç edýän raýatlara zyýan ýetirýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
“Soňky bir hepde bäri şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginiň we polisiýanyň işgärleri şäheriň dürli ýerlerine ýapyşdyrylan mahabat we bildiriş kagyzlaryny köpçülikleýin aýyrýarlar” diýip, şäheriň 3-nji kwartalynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Hatda olar köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerine girip, gatma-gat aýlanýarlar we her gatda ýerleşýän elektrik bölüji gurallara we girelge gapysyna ýapyşdyrylan mahabatlary, bildirişleri goparýarlar.
“Bularyň arasynda esasan kondisioner ýa-da elektrik enjamlaryny abatlaýan ussalaryň, gurluşyk işçilerini we öý hyzmatlaryny hödürleýän raýatlaryň, santehnikleriň bildirişleri we mahabatlary bar” diýip, şäheriň ýene bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu maglumatlary şäheriň dürli ýerlerinde söwda dükanlary bolan telekeçiler hem tassyklaýar. Olar polisiýa işgärleriniň dükanlara aýlanyp, duralgalara ýa-da beýleki ýerlere mahabat we bildiriş kagyzlaryny ýapyşdyrmagyň gadagandygyny duýdurýandygyny aýtdylar.
“Olar gadaganlygy bozanlara jerime salynjakdygyny hem duýdurdylar. Ýöne jerimäniň möçberini aýdyňlaşdyrmadylar” diýip, türkmenabatly dükan eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Bu maglumaty Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmämiz hem tassyklap, bu barada ýokardan ýörite görkezmäniň berlendigini we munuň 1-nji aprelden tapgyrlaýyn esasda ýerine ýetirilip başlanandygyny aýtdy.
Çeşmämiz bu görkezmäniň resmi taýdan “şäheri abadanlaşdyrmak işleri we mahabat düzgünlerini kanunlaşdyrmak” bilen düşündirilýändigini aýdýar.
“Bu babatda ýurduň Mahabat hakyndaky kanunyna salgylanylyp, mahabat we bildiriş kagyzlaryny asmak isleýän raýatlaryň mahabat agentliklerinden ýörite rugsatnama almalydygy aýdylýar” diýip, çeşmämiz belleýär.
Emma çeşmämiz bu çäreleriň aňyrsynda şäherde täze dörän birnäçe mahabat agentliginiň bähbidiniň durýandygyny aýdýar.
“Bu mahabat agentlikleriniň häkimlige we hukuk goraýjy edaralara ýakyn adamlar bilen ilteşiklidigi aýdylýar. Indi adamlaryň islendik mahabaty diňe şol agentlikleriň üsti bilen ýerleşdirip bilýändigi aýdylýar. Bolmasa, olaryň ‘bikanun mahabat’ hasap edilip, jerime salynmagy mümkin. Agentlikleriň mahabatlarynda bolsa olaryň öz logotipi bolýar. Olar munuň üçin salgyt töleýändiklerini aýdýarlar” diýip, çeşmämiz belleýär.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenabat şäher häkimliginden we Polisiýa müdirliginden resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne bu waka, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine soňky alty aýdan hem az wagtyň dowamynda tapgyr ikinji gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilen mahalyna gabat geldi.
Oňa laýyklykda, harytlar we hyzmatlar barada bilkastlaýyn galp mahabat ýaýratmak administratiw jogapkärçilige eltýär. Bu düzgünler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we internet torunyň üsti bilen ýaýradylýan ýalňyş maglumatlara hem degişli edilýär.
“Ep-esli zyýan ýetirilen ýagdaýlarda jerime möçberleri kesgitlenildi. Fiziki şahslar 3000–5000 manat aralygynda, wezipeli adamlar 4000–6000 manat aralygynda, ýuridiki şahslar bolsa 5000–7500 manat aralygynda jerime tölemäge borçly bolar” diýip, hökümetçi neşirler, şol sanda “Takyk.com.tm” habar berýär.
Azatlyga Türkmenabatda mahabat we bildiriş kagyzlarynyň köpçülikleýin aýrylmagynyň bu üýtgetmeler bilen baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak başartmady.
Ýöne lebaplylaryň ençemesi gadagançylygyň ownuk gazanç edýän raýatlara, şol sanda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän ussalara, ownuk söwdagärlere we gündelik gazanç edýän işçilere zyýan ýetirýändigini aýdýar.
“Olar müşderi tapmak üçin öz telefon belgilerini köpçülik ýerlerine ýapyşdyrýardylar we köplenç kagyz mahabatlaryna ýa bildirişlerine bil baglaýardylar. Onsuz hem internet gowy işlänok. Köp adam biziň hyzmatlarymyzy diwar ýa-da duralga ýapyşdyrylan mahabat arkaly tapýardy. Indi bolsa IMO-da mahabat etmeli bolýarys. Emma interneti hem hemmeler ulanmaýar” diýip, elektrik gurallaryny bejerýän türkmenabatly ussa anonimlik şertinde aýtdy.
Ol şäherde döredilen täze mahabat agentlikleriniň hyzmat tölegleriniň ýüzlerçe manada ýetýändigini aýdyp, özi ýaly gündelik ujypsyz möçberde gazanç edýän köp ussanyň bu puly tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum