Türkmenabatda töleg terminallaryna edilýän hüjümler köpelýär. Polisiýa güman edilýänleriň arasynda ýetginjekleriň agdyklyk edýändigini aýdýar. Azatlygyň habarçysy sebitdäki ýagdaý barada polisiýa, häkimiýet edaralaryndaky çeşmeler we ýerli ýaşaýjylar bilen gepleşdi.
Türkmenabadyň polisiýa bölümindäki çeşme şäherde mobil telefon hasaplaryny doldurmak we beýleki tölegleri geçirmek üçin niýetlenen terminallary döwmek boýunça edilýän synanyşyklarynyň köpelendigi aýdyp, soňky döwürde şeýle işleriň üstünde tutulanlaryň esasan 14–17 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerdigini habar berdi.
Anonimlik şertinde geplän çeşme şeýle ýagdaýlaryň öňden bäri ýüze çykýandygyny, emma şu ýylyň maý-iýun aýlarynda olaryň sanynyň has-da köpelendigini belledi.
“Diňe maý aýynyň başyndan bäri Türkmenabadyň dürli künjeklerinde töleg terminallaryny döwmek bilen bagly 10-a golaý waka boldy. Öňler hem şeýle ýagdaýlar bolýardy, ýöne soňky döwürde olaryň ýygylygy artdy” diýip, şäher polisiýa bölümindäki çeşme gürrüň berdi.
Şeýle ýagdaýlaryň biri maýyň ahyrynda bolupdyr. Türkmenabadyň Bahar kiçi etrapçasynda töleg terminalyny döwmek synanyşygy bilen baglylykda 15 ýaşly ýetginjek we onuň birnäçe ýoldaşy gümün edilýär. Polisiýa işgäri bu işiň jikme-jiklerini habarçymyza aýtmakdan saklanypdyr.
Türkmenabatly polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, şeýle hereketlere baş goşýan ýetginjekleriň arasynda maddy taýdan agyr ýagdaýdaky maşgalalaryň çagalar köp düş gelýär.
Polisiýa işgärleriniň biri dürli jenaýat işleriniň, şol sanda terminallary döwmek synanyşyklaryň üstünde tutulýanlaryň arasynda ýetim, ýarym ýetim ýa-da ene-atasy alkogol garaşlylygyndan ejir çekýän maşgalalaryň çagalary hem bolýar.
'Gazanç gözleginde ýören çaga köp'
Çeşmäniň bellemegine görä, şu günler çagalaryň ençemesi ýaşyna garamazdan, bazarlarda ýük daşap ýa-da ownuk işlerde işläp, pul gazanmaga synanyşýar.
“Bu çagalaryň käbiri bilen gürleşeniňde, olaryň diňe pul almak üçin däl-de, deň-duşlary ýaly ýaşamak, özlerini kem duýmazlyk isleýändikleri görünýär” diýip, polisiýa işgäri belledi.
Polisiýa bölümindäki çeşmeler käbir ýagdaýlarda ýetginjekleriň terminallary döwmek üçin internetden dürli maglumatlary öwrenýändigini hem aýtdy.
“Olar käbir elektron enjamlary özleri taýýarlap görýärler. Nädip ýasadyňyz diýip sorasaň, internetden gördük diýip jogap berýärler” diýip, çeşme gürrüň berdi.
'Kanikula gabat geldi'
Türkmenabatly çeşmeler töleg terminallarynyň talanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna gabat köpelendigini aýdýar. Olaryň sözlerine görä, mekdeplerde okuw tamamlanandan soň käbir ýetginjekler günüň köp bölegini köçede geçirýärler ýa-da maşgalasyna maddy girdeji getirmek üçin ýol gözleýärler.
Türkmen häkimiýetleri şeýle problemalar barada teswir bermeýär we hatda agzamaýar. Ýurtdaky garyplyk we jenaýatçylyk temasy resmileriň çykyşlarynda we döwlet mediasynda gozgalmaýar.
Garaşsyz habar çeşmeleriň maglumatlarynda bolsa, tomusky dynç alyş döwründe agyr işlerde işleýän we dilegçilik edýän çagalaryň hem köpelendigi habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum