Lebap welaýatynyň halkara howa menzilinde ýurduň içinde gatnaýan uçarlara bilet tapyp bilmeýän ýolagçylaryň uly nobatlary döreýär. Şu günler türkmenabatlylar we welaýatyň dürli etraplaryndan gelenler Aşgabada bilet satyn almak üçin howa menzilinde gije-gündizläp garaşmaga mejbur bolýarlar.
Howa menziliniň içinde we kassa penjireleriniň öňünde şu günler adamlaryň arasynda basa-baslyk, nägilelik we dawa-jenjeller ýüze çykýar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 3-nji iýunda habar berdi.
Aşgabada gyssagly uçmaga mejbur bolandygyny aýdýan dänewli ýaşaýjysy resmi web sahypasynda we “Saraý” mobil programmasynda bilet tapyp bilmändigini aýdyp, göni aeroporta gelendigini gürrüň berdi.
“Web sahypada hem bilet ýok, ‘Saraý’ programmasynda hem ýok. Kassadaky işgärler bolsa: ‘Oflaýn satylmaly biletleriň sany gutardy, onlaýn satyn alyň’ diýip, bizi yzyna gaýtarýarlar. Onlaýn hem hiç zat ýok. Adam näme etmeli?” diýip, ol aýtdy.
Howa menziline baryp gören habarçynyň maglumatyna görä, şol ýerdäki bäş kassanyň diňe biri işleýär. Bu bolsa bilet gözläp baran ýolagçylaryň sanynyň artmagyna we uzyn nobatlaryň döremegine getirýär.
Kassalaryň näme üçin işlemeýändigi we biletleriň näme üçin satylmaýandygy barada kassa işgärleri ýolagçylara anyk düşündiriş bermeýärler.
“Nähili soragyňyz bar bolsa, howa menziliniň başlygyna ýa-da reýsiň komandirine ýüz tutuň” diýip, kassa işgärleriniň adamlara jogap berýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň halkara aeroportyndaky awiakassanyň wekillerinden teswir alyp bilmedi. Howa menziliniň websaýtynda bilet satyn almak mümkinçiligi göz öňünde tutulan hem bolsa, iş ýüzünde işlemeýär.
Emma websaýtda görkezilen gatnaw tertibine görä, Türkmenabatdan Aşgabada uçarlar günde gatnaýar, käbir günlerde iki gezek. Ýolagçylar şol reýslere bilet satyn almak tamasy bilen awiakassalara ýüz tutýarlar.
Polisiýa ýolagçylary daraýar
Nobatda duran ýolagçylar howa menzilinde işleýän polisiýa işgärleriniň gödek daramagyna sezewar bolýarlar. Habarçynyň şaýat bolmagyna görä, polisiýa işgärleri adamlara gygyrýar, olary kemsidýär we ýörite güýçleri çagyrmak bilen haýbat atýar.
“Kassanyň öňünden aýrylyň. Özüňizi bir süri mal ýaly alyp barmaň. Kassanyň öňünde duranyňyz bilen bilet öz-özünden döremez. Gaharymy getirseňiz, OMON-y çagyraryn” diýip, howa menziliniň girelgesindäki polisiýa işgäriniň nobatda duran adamlaryň üstüne gygyrandygyny habarçymyz aýtdy.
Muňa garamazdan, nobatdaky adamlaryň sany azalmaýar. Habarçy bilen gürleşen raýatlar bilet ýetmezçiligi tebigy ýagdaý däl-de, howa menziliniň administrasiýasy we käbir jogapkär işgärler tarapyndan emeli döredilýär diýip, ynanýarlar.
“Aslynda bilet bar. Girelgede duran polisiýa işgärine ýa-da reýsiň jogapkärlerine resmi nyrhdan birnäçe esse köp pul berseň, bilet tapyp berýärler. Şonuň üçin adamlar biletleriň bardygyny bilýär we kassanyň öňünde dawa edýär. Köp adam bolsa ‘dosadka’ garaşýar” diýip, nobatda duran ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
'Araçylarda bilet bar'
Ýolagçylaryň birnäçesi kassalarda bilet ýok diýilýän wagtynda, biletleriň “araçylar” we “tanyşlar” arkaly tapylýandygy belleýärler.
“Adaty adam kassa barsa, ‘bilet ýok’ diýýärler. Emma birinden haýyş etseň, pul berseň ýa-da tanyş tapylsa, birden bilet peýda bolýar” diýip, Türkmenabadyň howa menzilinde nobatda duran ýolagçylaryň ýene biri aýtdy.
Ol bilet üçin soralýan paranyň möçberi hem kesgitli däl diýýär.
“Ähli zady auksiona öwürdiler. Kim köp pul berse, şol bilet alyp bilýär. ‘Ýokarda’ tanşy bolanlar bolsa biletleri göni Aşgabatdan tapdyrýarlar” diýip, türkmenabatly aýdýar.
Bu aralykda bilet tapyp uçara münen ýolagçylar uçarda boş ýeriň köpdügini görýärler. Hepdäniň başynda Aşgabatdan Türkmenabada uçan lebaply ýaşaýjy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde, ýerli uçuşlary amala aşyrýan uçarlaryň doly bolmaýandygyny gürrüň berdi.
“Men günortan Aşgabatdan Türkmenabada geldim. Uçaryň ýarysy boşdy. Içinde adam kän däldi” diýip, ol gürrüň berdi.
Bu ýagdaý ýolagçylaryň arasynda goşmaça nägilelik döredýär. Olar kassalarda “bilet ýok” diýilýän mahaly, uçarlaryň boş orunlar bilen uçýandygyny aýdýarlar.
Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda maýyplyk derejesi bolan raýatlaryň howa menziliniň ýolbaşçylaryna arza ýazyp, bilet satyn almagyna mümkinçilik berilýär. Mary welaýatyndan gelen bir myhman Türkmenabada uçmak üçin başlyklygyň adyna arza ýazandygyny gürrüň berdi.
“Hawa, bilet bilen problema bar. Men Aşgabatdan Türkmenabada gelmek üçin howa menziliniň başlygynyň adyna arza ýazdym. Arzada näme sebäpden gyssagly bilet gerekdigini düşündirmeli boldum. Maňa bir sagadyň içinde bilet tapyp berdiler” diýip, ol aýtdy.
Bu aralykda sosial ulgamlarda hem bilet gytçylygy barada dürli maglumatlar çap edilýär. Hususan-da TikTok ulgamynda Türkmenabadyň halkara howa menzilinde polisiýa egin-eşigindäki işgärleriň ýolagçylar bilen gürleşip, araçy hökmünde uçar biletlerini tapyp berýändigi aýdylýar.
Soňky hepdelerde otly biletleriniň gytçylygynyň güýçlenendigi barda hem habar berildi.
Bilet gytçylygynyň arasynda Daşoguzda ilata demir ýol menzilinde oturdylan terminallar arkaly satylmaly otly petekleriň polisiýa işgärleri tarapyndan döwlet bahasyndan tas üç esse gymmada satylýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda sebitden maglumat berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum