Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda "ýylyň tozanly ýeli" turdy. Ahalda elektrik üpjünçiligi bökdedi


Türkmenabatlylar howadaky tozan bölejikleri zerarly ýakyn aralykdaky desgalary görmekde hem kynçylyk çekýärler. (Arhiw suraty)
Türkmenabatlylar howadaky tozan bölejikleri zerarly ýakyn aralykdaky desgalary görmekde hem kynçylyk çekýärler. (Arhiw suraty)

Lebapda 28-nji dekabrda güýçli tozanly ýel turdy. Ýaşaýjylar howadaky tozan bölejikleri zerarly ýakyn aralykdaky desgalary görmekde hem kynçylyk çekdiler. Şeýle-de, Ahalda we Aşgabatda turan güýçli şemal sebitde elektrik üpjünçiliginiň bökdemegine getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 28-29-njy dekabrda maglumat berdiler.

Lebapdaky habarçymyz sebitde turan nobatdaky güýçli şemaly “ýylyň tozanly ýeli” atlandyrýar.

“Şu gün Türkmenabat şäherinde tozandan ýaňa hiç zat görünmeýär. Gözüňi açyp bolmaýar diýsek hem bolar. Dem almak kynlaşdy. Howada kislorod ýetenok. Howadan dem alanyňda, burnuň çaňdan, tozandan dolýar. Bular ýaly güýçli tozanly ýel şu ýylyň dowamynda birinji gezek bolýar” diýip, habarçymyz sebitde howanyň adatdakysyndan juda maýyldygyny we munuň gyş paslyna mahsus däldigini hem 28-nji dekabrda beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmesiniň iberen suraty. 28-nji dekabr, 2023 ý.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmesiniň iberen suraty. 28-nji dekabr, 2023 ý.

Azatlygyň sebitdäki çeşmesiniň iberen suratynda goňrumtyl, sarymtyl reňkdäki tozanyň daş-töweregi tutuşlygyna diýen ýaly gaplandygyny görse bolýar.

“Jaýlaryň, ähli edara-kärhanalaryň, şol sanda mekdepleriň, hassahanalaryň, çagalar baglarynyň içi tozandan doldy. Otaglaryň içine tozan ýagdy. Aýnany açyp, dem alyp bolmaýandygy sebäpli şäher ýaşaýjylarynyň tas ählisi kondisionerlerini ýakyp, mydar etmeli boldular” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Güýçli ýel sebäpli hatda welaýatyň baş baýdagy hem aşak düşürildi. Häkimiýet wekilleri onuň uçup gitmeginden alada edip, 28-nji dekabrda günortan aşak düşürilen baýdagy gije sagat 11-de hem gaýtadan galdyrmadylar.

Habarçymyz tozanly ýeliň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärä hem kölege salandygyny aýdýar.

28-nji dekabrda Türkmenabadyň Ak öýüniň öňündäki baş arçanyň aşagynda Täze ýyl baýramçylygyny öňünden wideo ýazgy edip, döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäre gurnalmalydy.

Giçlik sagat 6-da başlamaly çärä her edaradan 10 işgär we mekdepleriň okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşmaly edildi.

Aşgabatdan gelen ýörite TW operatorlary, tehnikalar baş arçanyň golaýynda gelip durup, çäräni geçirmäge günüň birinji ýarymynda taýýarlanyp başladylar. Ýöne guramaçylar we arassaçylyk işgärleri çäräniň geçiriljek ýeriniň arassaçylygyny üpjün etmekde juda kynçylyk çekdiler.

“Arassaçylyk işgärleri meýdançany yzygiderli arassalap, ellerinde esgi bilen oýnawaçlaryň, bezegleriň tozanlaryny süpürdiler. Halylary hem sübse bilen her süpürdiler. Ýöne olar halynyň bir tarapyny süpürýänçä, tozan onuň beýleki tarapyny gaplap aldy. Şeýle-de, olar Ak öýüň ýodajyklaryny elleri bilen ýuwup çykdylar. Ýöne ýodajyklar hem dessine ýene tozan basyp, gara kir bolýar” diýip, býujet işgärleriniň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz adatdan daşary howa şertleri zerarly çäräniň welaýat teatrynyň içinde geçirilendigini, onuň öýlän sagat 3-den 5-e çenli dowam edendigini hem aýtdy.

“Baş arçanyň öňündäki Täze ýyl çäresiniň 29-njy dekabrda wideo ýazgy edilmegine garaşylýar” diýip, býujet işgäri belledi.

Habarçymyz tozanly ýeliň agşam sagat 8:30 töwereginde hem dowam edendigini, gije sagat 11-den soňra asmanyň bir az açylyp başlandygyny, sagat 3 töwereginde ýagyp başlan ýagşyň howadaky tozany doly diýen ýaly basyp ýatyrandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Ahaldaky habarçymyz sebitiň etraplarynda we paýtagtda turan güýçli şemalyň elektrik üpjünçiliginiň bökdemegine getirendigini habar berdi.

“Ýaşaýyş jaýlarynda elektrik birde bar, birde kesilip dur. Gökdepe şäherinde güýçli şemalyň başlamagy bilen, ilat elektrik energiýasyndan doly mahrum boldy” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmen häkimiýetleri duýdansyz turan güýçli ýel we Türkmenabady gurşap alan tozanly howa barada öňünden bildiriş ýa duýduryş etmediler.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem, Lebapda bolan tozanly howa barada hiç zat aýdylmaýar. Gulluk 28-nji dekabrda Türkmenabatda howanyň temperaturasynyň 21 gradus boljakdygyny aýtmak bilen çäklendi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly ýel ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Mundan ozal, 26-njy noýabrda Maryda tozanly ýel turdy. Şonda howanyň düzüminde çägäniň we tozanyň aşa köplügi zerarly, köp adam öýlerinden çykmakdan saklandy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri ýurtda turýan tozanly ýeller barada habar bermeýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çölleşmä garşy edarasy 13-17-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiren duşuşygynda dünýäde tozanly tupanlaryň we çägeli harasatlaryň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygyny we ýitileşendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG