Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýany “adaty durmuş togtady”


Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde prezidentiň saparynyň dowamynda tutuş bir sebitiň adaty durmuşynyň togtap galmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde prezidentiň saparynyň dowamynda tutuş bir sebitiň adaty durmuşynyň togtap galmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Awaza” etmegine garaşylýan saparynyň öňýany, kurort sebitiniň töwereginde, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde güýçlendirilen tertipde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bularyň çäginde mejbury ýowarlar geçirilýär, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär, adamlaryň hereketi çäklendirilýär. Şeýle-de spirtli içgilere garaşly adamlar hökmünde saglyk-dikeldiş merkezlerinde hasaba alnan raýatlar wagtlaýyn tussag edilýär.

Balkandaky habarçymyz ýakyn wagtda prezident Berdimuhamedowyň, şol sanda onuň maşgala agzalarynyň “Awaza” syýahatçylyk zolagyna gelmegine garaşylýandygyny anyklady.

Soňky ýyllaryň tejribesinde bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň sebitlere edýän saparlary baradan öňünden habar berilmeýär. Ýerli häkimliklerden hem anyk seneler barada maglumat almak başartmaýar.

Saparyň öňýany Türkmenbaşynyň esasy ‘Kenar’ bazarynda azyklaryň emeli bolçulygy we arzançylygy döredilýär. Munuň bilen bir wagtda, polisiýa jaýlaryň arasynda esaslandyrylan degişlilikdäki kiçi emeli söwda nokatlaryny dargadýar.

Güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň çäginde, raýatlaryň sagat 21:00-dan soňky hereketi çäklendirilýär. Resmi däl komendant sagadyny bozanlar polisiýa tarapyndan soraga çekilýär.

Mundan başga-da, ýurduň saglygy dikeldiş dispanserlerinde ozal neşe serişdelerine we spirtli içgilere garaşly bolan hökmünde hasapda duran adamlar 18-nji iýuna çenli, ýagny görnüşinden Berdimuhamedowlaryň sapary tamamlanýança, wagtlaýyn tussag edilýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde prezidentiň saparynyň dowamynda tutuş bir sebitiň adaty durmuşynyň togtap galmagy adaty ýagdaýa öwrüldi.

Mundan öň, Berdimuhamedowyň iýunyň ilkinji hepdelerinde Lebaba etmegine garaşylýan saparynyň çäginde, merkezi Türkmenabat şäherinde hem giň gerimli taýýarlyk işleri ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG