Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda baýramçylygyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk arzançylygy uzaga çekmedi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy, köpdürliligi we arzançylygy täze ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmady. Bu aralykda, ýaşaýjylar bazarlarda nyrhlaryň aşa ýokarydygyna ünsi çekip, aýlyklaryň güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

"Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlary tarapyndan bazarlarda guralan göçme dükanlardan hiç bir zat galmady. Bu söwda tekjeleri Täze ýyl baýramynda emeli azyk bolçulygyny we arzançylygyny döretmek maksady bilen, mundan 15 gün çemesi ozal guralypdy. Bu dükanlar hemişe bolar öýdüp, şu gün bazarlara baran adamlar lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 4-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Noýabr-dekabr aýlarynda prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalaryna “...baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligi” birnäçe gezek tabşyrdy.

Şondan soňra ýurduň dürli künjeginde arzan harytlar satylýan söwda tekjeleri we dükanlar döredildi. Bularda, hususan-da Türkmenbaşydaky söwda tekjelerinde:

  • 1 kg towuk budy 16 manatdan,
  • 1 litr günebakar ýagy 31 manatdan,
  • 1 kg kartoşka 2,5 manatdan,
  • 1 kg pomidor 5 manatdan,
  • 1 kg alma 9 manatdan,
  • 1 kg mal eti 35 manatdan,
  • 1 kg apelsin 10 manatdan,
  • 1 kg un 7 manatdan,
  • 1 kg käşir ýa sogan 2 manatdan,
  • 1 kg tüwi 9 manatdan satylýardy.

Ýöne bu arzançylyk uzaga çekmedi we aradan iki hepde geçensoň, häkimiýetleriň döreden söwda tekjeleri boşap galdy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, azyk önümleriniň bazarlardaky nyrhlary bu tekjelerdäki bahalardan 100-350% ýokary bolup,

  • 1 kg towuk budy 28-35 manat,
  • 1 kg alma 30-50 manat,
  • 1 kg mandarin 30-50 manat,
  • 1 kg göle eti 65-85 manat,
  • 1 kg jylka et 100 manat,
  • 1 kg kartoşka 12 manat,
  • 1 kg käşir 5-7 manat,
  • 1 kg sogan 7-10 manat,
  • 1 kg tüwi 25-50 manat bahalanýar.

Ýaşaýjylar aýlyklar 1-nji ýanwardan 10% ýokarlanýan bolsa-da, harytlaryň onlarça göterim gymmatlaýandygyny belläp, aýlyklarynyň bu nyrhlardan söwda edip, güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

"Bu boluşda adamlar näme etmeli? Näme iýmeli? Adamlaryň alýan aýlyklary diňe azyk önümlerini satyn almaga hem ýetmeýär. Mundan başga, adamlar geýinmeli, dynç almaly, saglygyna seretdirmeli. Köp adam bulary amal etmek üçin süýthordan göterimine karz almaly bolýar" diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol indi köp adamyň döwlet edarasynda işläp, güzeran ekläp bolmajakdygyna düşünýändigini hem belleýär.

"Adamlar döwlet edara-kärhanalarynda işlemekden boýun gaçyryp, alajy bolsa para berip, daşary döwletleriň nebit-gaz firmalaryna işe ýerleşmäge ýa-da Türkmenistandan gitmäge synanyşýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.

Soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler adatça uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda bazarlarda emeli "azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürliligi döretmäge" çalyşýarlar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň yzysüre ýok bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG