Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BMG-de Ysraýylyň Palestinadaky galdyran ilatly nokatlary boýunça ses berdi


BMG-de geçirilen ses berişligiň netijeleri
BMG-de geçirilen ses berişligiň netijeleri

Türkmenistan BMG-de Palestinanyň okupirlenen territoriýalarynda galdyrylan Ysraýylyň ilatly nokatlaryny bikanun hasaplaýan rezolýusiýanyň taslamasyny goldap ses berdi.

9-njy noýabrda geçirilen ses berişlikde rezolýusiýany 145 döwlet goldady, ýedisi garşy çykdy, 18-si ses bermekden saklandy, 21 ýurt bolsa umuman ses berişlige gatnaşmady.

Türkmenistan häzire çenli Ýakyn gündogardaky, Ukrainadaky konfliktler boýunça BMG-de geçirilen ses berişliklere gatnaşman gelýärdi.

Türkmen mediasy bu ses berişlik barada häzirlikçe habar çap etmedi.

XS
SM
MD
LG