Türkmenistan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekiň ýyladyş we elektrik desgasynda ýüze çykan awariýadan soň, bu Merkezi Aziýa döwletine 2 müň tonna möçberinde suwuklandyrylan gazy ynsanperwerlik kömek hökmünde, muzdsuz ýollar.
Bu baradaky degişli karara prezident Serdar Berdimuhamedow 2-nji fewralda gol goýdy.
2-nji fewralda Bişkegiň ýyladyş we elektrik desgasynda bolan uly partlamada azyndan bäş adam şikeslendi, şäheriň ýyladyş we gyzgyn suw ulgamynda bökdençlikler ýüze çykdy.
Türkmenistanyň resmi beýanatynda, Bişkekdäki awariýa agzalman, kömegiň “energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlaryň nazara alnyp ugradylýandygy” bellenilýär.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýurduň dürli künjeginde elektrik we gaz ýygy-ýygydan kesilýär. Bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar.