Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan mekdeplerde prezidentiň kitabyny ulanmagy talap edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow öz ady bilen çap edilen kitaby hökümet resmilerine sowgat berýär.

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan öz sapaklarynda prezident G. Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan nakyllary, sitatalary ulanmak giňden talap edilýär.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň 13-nji dekabrda ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp beren maglumatyna görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, mugallymlara öz okadýan sapaklarynda bu kitapdan peýdalanmak maslahat berildi.

Emma oktýabr aýyndan başlap, Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ähli orta mekdepleriniň mugallymlaryndan öz okuw prosesiniň dowamynda sapaklary şol kitapdan sitatalar alyp, “baýlaşdyrmagy” talap etdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Paýhas çeşmesi” atly kitap şu ýyl prezident Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen sekiz kitabyň birinjisidir. Bu kitabyň özenini türkmen halk döredijiligi düzüp, onda gadymdan gelýän atalar sözi, nakyllar we pähimler jemlenendir. Şeýle-de, onda prezidentiň düşündirişleri bilen birlikde, käbir döwrebap nakyllar we pähimler hem çap edildi.

G.Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen "Paýhas çeşmesi" atly kitapdan alnan nakyllar we pähimler ýurduň Nebit-gaz gazetinde çap edildi.
G.Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen "Paýhas çeşmesi" atly kitapdan alnan nakyllar we pähimler ýurduň Nebit-gaz gazetinde çap edildi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň mugallymlara we bilim işgärlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, 2016-njy ýylyň awgust aýynda ýurduň Bilim ministrliginden, şäher, etrap bilim bölümlerinden hem-de bilim merkezlerinden gelen görkezme-maslahatlarda “kitabyň mekdeplerde giňden öwredilmeginiň zerurdygy” nygtalýar.

“Bize islendik sapagy prezidentiň ‘Paýhas çeşmesi’ kitaby bilen baglanyşdyryp geçmeli diýdiler. Okuw kitabyndaky zatlary ‘has çuňlaşdyryp, has berkitmek üçin’ şu kitapdan hökman peýdalanmaly ýa-da şonda aýdylýanlara salgylanmaly diýdiler. Bu talap soňky döwürde has-da güýçlendi” diýip, aşgabatly 34 ýaşyndaky Maral (howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) mugallym gürrüň berdi.

Maral mugallymyň sözlerine görä, olara berlen görkezmede munuň sebäpleriniň Türkmenistanda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle-de noýabr aýynyň ahyrynda “Türkmenistanyň şahyrana halk döredijiligi” hakyndaky kanunyň kabul edilmegi bilen baglydygy aýdylýar. Bu kanunda türkmen halk döredijiliginiň öwrenilmegi we onuň il içinde wagyz edilmegi tekrarlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ady bilen çapdan çykan kitaba salgylanyp ýazylan makala.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ady bilen çapdan çykan kitaba salgylanyp ýazylan makala.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, ýurduň dürli şäherdir etraplarynda bu kitap bilen bagly okyjylar konferensiýalary hem geçirilýär. Şeýle-de, bu kitapdan alnan sitatalar esasynda gazetdir žurnallarda her hepde üç-dört çemesi makala ýazylýar ýa-da ondaky nakyllar, pähimler, atalar sözi çap edilýär.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen metbugatynda giňden dabaralandyrylýan Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen eserler diňe bu kitap bilen çäklenmeýär. Soňky aýlarda ýurduň habar beriş serişdelerinde prezidentiň ady bilen şu ýyl çapdan çykan “Gadamy batly bedew” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplara salgylanyp ýazylan makalalara hem-de gepleşiklere ýygy-ýygydan duş gelse bolýar.

Şeýle-de, prezidentiň ady bilen çapdan çykan kitaplar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw programmasynda “Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty” diýlen bölüminde hem giňden öwredilýär. Olaryň arasynda 2011-nji ýylda çapdan çykan “Janly rowaýat”, “Älem içre at gezer”, 2013-nji ýylda çap bolan “Döwlet guşy” romany, 2015-nji ýylda çykan “Ile döwlet geler bolsa” atly kitaplar bolup, bular ýokary klas okuwçylaryna ýörite sagatlar esasynda öwredilýär.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, ýokarda agzalan talap we onuň soňky günlerde güýçlenmegi hem-de sebäpleri barada Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariýa almak başartmady.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG