Türkmenistan goňşy Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurda 7-nji oktýabrda bolan ýer titremesinden soň iberilmeli kömek baradaky buýruga 10-njy oktýabrda gol çekdi.
Dermanlardan we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden ybarat kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda iberilendigi nygtalýar.
Türkmenistan goňşy ýurtda bolan ýer titremesiniň öz çägine ýetiren ol ýa-da beýleki derejedäki täsiri barada maglumat bermeýär.