Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Russiýanyň “gaz birleşigi” baradaky belliklerinden nägile bolup, Moskwadan aýdyňlyk soraýar


Hytaý Türkmenistanyň esasy gaz müşderisidir.
Hytaý Türkmenistanyň esasy gaz müşderisidir.

Aşgabat Moskwanyň Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen rus gazynyň eksportyny artdyrmak meýillerine alada bildirýär. Türkmen resmisiniň munuň bilen bagly ozal görlüp-eşidilmedik bellikleri 12-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edildi.

Ýewropanyň iň iri tebigy gaz üpjünçileriniň biri bolan Russiýa Ukraina garşy girişen esassyz harby çozuşy sebäpli, halkara sanksiýalara sezewar bolansoň, özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky ‘üçtaraplaýyn gaz birleşigi’ baradaky sözleri boýunça aýdyňlyk sorady.

11-nji awgustda rus habar serişdeleri Biriçewskiniň Russiýanyň ‘gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny’ hem-de ‘muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini bilýändigi’ baradaky sözlerini çap etdiler. Munuň teksti Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda hem ýerleşdirildi.

Arçaýew, ilki bilen, haýsy ‘giňeltmek mümkinçilikleri barada’ gürrüň edilýändigi, umuman, ‘üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aňyrsynda nämeleriň durýandygy’ boýunça sorag bilen ýüzlendi. Ol bu meselede beýleki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň bähbitleriniň hem bardygyny belläp, anyklygyň we aýdyňlygyň zerurdygyny nygtady.

Görnüşinden, Aşgabadyň özüniň esasy müşderisi Hytaýyň energiýa bazarynda Russiýa bilen bäsdeşlikden alada galýana meňzeýär.

Mundan öň, rus habar serişdelerinde Russiýanyň Özbegistan we Gazagystan bilen ylalaşyga gelip, bu ýurtlaryň üstünden geçýän türkmen geçirijisine birigip, ol arkaly öz gazyny akdyryp biljekdigi barada maglumat hem çap bolupdy.

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň “A”, “B” we “Ç” şahalary arkaly Hytaýa tebigy gaz iberýär. Uzynlygy 1833 kilometre deň bolan, biri-birine parallel üç gaz geçiriji Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça ýylda 55 milliard kub metr tebigy gaz ibermäge ukyplydyr.

Arçaýew gaz geçiriji şahalarynyň üçüsiniň hem türkmen we hytaý taraplarynyň gatnaşmagynda gurlandygyny belledi we bu turbageçiriji boýunça iň köp öz ýurdunyň gaz iberýändigini aýtdy. Ol göz öňünde tutulan gazyň 40 milliard kub metrini Türkmenistanyň, galan möçberini bolsa Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň üpjün edýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Arçaýew geçirijini doldurmak üçin beýleki ýurtlardan gaz çeşmeleriniň göz öňünde tutulmandygyny we gürrüňi gidýän taslama gatnaşyjylaryň düzümini giňetlemegiň planlaşdyrylmaýandygyny aýtdy.

Beýanatda Türkmenistanyň hytaý, özbek we gazak hyzmatdaşlarynyň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi we olaryň hem ýerine ýetirjekdigine kanuny esasda bil baglaýandygy aýdylýar.

Türkmen gaz resmisi gürrüňi gidýän mesele boýunça Aşgabat bilen öňünden hiç hili geňeşmeleriň geçirilmändigini hem aýratyn belledi.

“Şeýle çemeleşme türkmen tarapy üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdir hem-de ýurdumyz tarapyndan halkara hukugynyň kadalaryna we gaz ulgamyndaky iş tejribesine laýyk gelmeýär diýlip garalýar” diýip, Arçaýew emele gelen ýagdaý boýunça belledi.

Türkmen tarapy düşnüksizlige getirýän beýannamalaryň ‘çynlakaý ynjalyksyzlyk döredýändigini’ hem sözüne goşdy.

Bellemeli bir ýagdaý, mundan öň Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkow öz ýurdunyň we Türkmenistanyň Hytaýa gaz akdyrmak boýunça düýbünden bäsleşik etmeýändiklerini öňe sürüpdi. Ol bu barada žurnalistiň Türkmenistandan Hytaýa uzaýan geçirijniň dördünji şahasynyň çekilmegi bilen, “Sibiriň Güýji 2” taslamasynyň durup galjakdygy baradaky sowalyna beren jogabynda belledi.

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň türkmen tebigy gazyny Türkmenistan – Özbegistan – Gyrgyzystan – Täjigistan – Hytaý ugry boýunça akdyrjak “D şahasyny” gurmak boýunça deslapky ylalaşyklara on ýyl ozal gol çekildi.

Russiýa häzirki wagtda bar bolan uzynlygy 3000 kilometre, ýyllyk kuwwaty 38 milliard kub metre deň “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport edýär. “Reuters” habar agentligine görä, Moskwanyň 2023-nji ýylda bu geçiriji arkaly Hytaýa iberýän gazynyň möçberiniň 22 milliard kub metre çenli çykmagyna garaşylýar.

Uzynlygy 2600 kilometre deň boljak “Sibiriň güýji 2” gaz geçiriji taslamasynyň Mongoliýanyň üstünden çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň mart aýynda Moskwa amala aşyran saparynyň dowamynda bu gaz geçiriji taslamasyny gurmak boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylmady.

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 966 kilometrlik “D” şahasy taslamasynyň umumy bahasy takmynan 6,7 milliard dollara barabar bolar öýdülýär, “Sibiriň güýji 2” taslamasynyň bahasynyň takmynan 14 milliard dollara çenli çykmagyna garaşylýar.

Maý aýynda Reuters gullugy, Hytaýyň nebitgaz resmilerine salgylanyp, Pekiniň nobatdaky iri gaz geçiriji taslamasy babatda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýandygy barada makala çap edipdi.

Soňky döwür, resmi Aşgabat türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny hem täzeden gün tertibine getirip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG