Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilimkeşligiň jerimesi güýçlenýär


Çilim
Çilim
Türkmenistanyň 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap giriziljek Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky täze Kodeksiniň öz güýjüne girmegi bilen köpçülikleýin ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberi 100 manada ýetiriler. Häzirki wagt bu jerimäniň möçberi 75 manat.

Çilim gutusynda çilim çekýän aýallara duýduryş çap edilipdir
Çilim gutusynda çilim çekýän aýallara duýduryş çap edilipdir
Bu giriziljek täze jerime ýurtda çilimkeşlige garşy alnyp barylýan kampaniýanyň nobatdaky tapgyry hem diýse boljak. Iki ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň "Temmäkä garşy göreşmegiň" çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagyndan soň ýurtda çilimiň bahasy esseläp ýokary galdy.

Resmi metbugatda berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda bu nyrhlar GDA ýurtlarynda iň ýokary bahalardyr. Şeýle-de, Türkmenistana getirilýän temmäki önümleriniň ählisinde çilimiň gabynyň meýdanynyň 40 göterimini eýeleýän ýazgy - çilim çekmegiň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky hökmany duýduryş girizildi.

Netijeler

Çilimkeşlige garşy alnyp barylýan bu çäreler belli bir derejede öz oňyn netijelerini hem berýär. Bu çäreler çilimkeşleriň käbirini çilimi taşlamaga mejbur eden-de bolsa, bu zyýanly endikden gutulup bilmedik ýa-da çilimi taşlamagy islemedik çilimkeşler entek örän köp. Çilimkeşlige garşy alnyp barylýan çäreler olar üçin ençeme kynçylyklary döredýär.

Häzirki wagtda polisiýa işgärleri öýden gaýry islendik ýerde çilim çeken adamy administratiw jogapkärçilige çekip bilýärler. “Diňe öýde çilim çekip bolýar diýip, polisiýa işgärleri aýdýarlar. Galan islendik ýerde çilim çekmek gadagan” diýip, 30 ýyldan hem köp çilimkeşlik stažy bolan aşgabatly Aman gürrüň berýär.

Bukulyp çekmek

Paýtagtda çilimkeşler üçin çilim çekmek üçin hiç hili ýöriteleşdirilen ýerler döredilmändir. Edara-kärhanalaryň işgärleri üçin hem olaryň işleýän ýerlerinde şolar ýaly ýerler ýok. Şol sebäpden çilimkeşler çilimi hajathanalarda ýa-da başga - göze görünmeýän ýerlerde bukulyp çekmeli bolýarlar.

Aşgabadyň keselhanalarynyň birinde ýerleşdirilen plakat
Aşgabadyň keselhanalarynyň birinde ýerleşdirilen plakat
Mysal üçin, paýtagtyň bazarlaryndaky hajathanalar çilim çekilýän ýerlere öwrülip barýar. “Ýaş wagtymyzda bukulyp çekişimiz ýaly, häzirem [bukulyp] çilim çekýäris. Ýaşyň bir çene ýetensoň, bu ýagdaý kemsidiji bolýar” diýip, 52 ýaşly Aman aýdýar.

Şol bir wagtda-da ýurtda çilimkeşleriň bu endiklerinden halas bolmak üçin edilýän işler hem ýetrlik däl. Geçen ýyl ýurtda “Ynam” merkezleriniň 9-synyň döredilendigine garamazdan, ýeterlik mahabat işleriniň geçirilmändigi sebäpli bu merkezlerden habarsyz çilimkeşler az däl.

Paýtagtyň dermanhanalarynda hem temmäkä garaşlylyga garşy ýörite serişdeler ýok diýen ýaly. Bir döwür ýurda getirilip başlanan tabeks ýaly ýörite dermanlardyr, plastyrlara indi dermanhanalarda örän seýrek duş gelinýär. Elektron çilimleriň hem ýurda getirilmeginiň gadagan edilendigi aýdylýar.

Nägilelik

Çilimkeşlige garşy göreşiň diňe gadagançylyklar arkaly alnyp barylmagy bu endikden el çekmek islemeýän çilimkeşleri nägile edýär. Öz hukuklarynyň kemsidilýändigini aýdýan çilimkeşlerem az däl.

"Çilim çekmek ölüm howpludyr"
"Çilim çekmek ölüm howpludyr"
“Bu çäreler çilimkeşleriň diňe hukuklaryny kemsitmän, eýsem olary şahsyýet hökmünde hem kemsidýär. Meniň ýaly çilimi taşlamak islemeýänler üçin iň bolmanda ýörite çilim çekilýän ýerler döredilsedi” diýip, Aman aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gadagan edilen ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberiniň indiki ýyldan has-da ýokarlandyrylmagy ýurtda bu ugurda geljekde ediljek işleriň diňe biri. Häzirki wagtda temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň täsirinden raýatlary goramak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada resmi maglumatlar bar. Bu taslamanyň Türkmenistanyň Mejlisiniň iş komitetinde ara alnyp maslahatlaşylýandygy barada resmi metbugatda habar berilýär.

XS
SM
MD
LG