Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli


Amyderýadan gözbaş alýan Koş Tepa kanalynyň gurluşygy we gazuw işleri dowam edýär. Arhiw suraty. Demirgazyk Owganystan.
Amyderýadan gözbaş alýan Koş Tepa kanalynyň gurluşygy we gazuw işleri dowam edýär. Arhiw suraty. Demirgazyk Owganystan.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşyklardan soňra, 7-nji martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin seýrek beýanat çap edip, serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmegine çagyrdy.

Ministrlik owgan wekiliýeti bilen duşuşyklarda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, suw hojalygy pudagynda özara gatnaşyklaryň üstünde hem durlup geçilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “serhetüsti derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurdygyny” aýdýar.

Şeýle-de, Türkmenistan “serhetüsti derýalarda gurulýan gidrotehniki desgalaryň dogry işlemegini üpjün edip biljek ýokary derejeli hünärmenleriň üpjün edilmegine”, hem-de “serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine hormat goýulmagyna” we “suw çeşmelerini dolandyrmak üçin degişli mehanizmeleriň döredilmegine” ünsi çekdi.

Beýanatda Owganystanda gurluşygy dowam edýän hem-de doly işe girizilen halatynda sebit ýurtlarynyň suw hojalygy pudagyna agram salmagyndan howatyr edilýän Koş Tepa kanaly agzalmady. Bu kanal sebit ýurtlarynyň iň esasy suw çeşmeleriniň biri bolan Amyderýadan gözbaş alýar.

Daşary işler ministrliginiň çap eden maglumaty bu kanal boýunça Türkmenistanyň pozisiýasyna yşarat edýän ilkinji resmi beýanat boldy.

Mälim bolşy ýaly, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýadan gözbaş alýan we uzynlygy 285 km, giňligi 100 metr we çuňlugy 8,5 metr bolan Koş Tepa kanalynyň gurluşygyna badalga berdi. “Talyban” 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda bu kanalyň 108 km bolan ilkinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Kanal Demirgazyk Owganystanyň sebitlerini, şol sanda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan etraplaryny suw serişdeleri bilen üpjün eder.

Bu taslama Amyderýanyň aşaky akymynyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda alada döredýär. Kanalyň doly işe girizilmegi bilen, Amyderýanyň suwunyň käbir çaklamalara görä 20 göterimden 26 göterime çenli çekilmegine howatyrlanma bildirilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer 8-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen tarapynyň beýanatynda serhetaşa derýalaryndaky suw serişdeleriniň peýdalanylmagy babatynda “birnäçe aladalaryň gozgalýandygyny” aýtdy.

“Daşary işler ministrliginiň beýanatyndaky üç punktyň ählisine belli bir derejede tankyt ýa-da birnäçe aladalaryň gozgalmagy hökmünde düşünip bolar” diýip, Panniýer aýtdy.

“Birinjilik bilen, Türkmenistan serhetaşa derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan çemeleşmäniň zerurdygyny aýdýar. Şeýlelikde, türkmen tarapy derýadan alynjak suwuň mukdaryna diňe “Talybanyň” ýeke öziniň karar berip bilmejekdigini, bu babatda ylalaşygyň gazanylmalydygyny, ýa-da suwuň mukdarynyň obýektiw üçünji taraplar tarapyndan kesgitlenilmelidigini aýdýar. Beýanatyň ikinji punktynda Türkmenistan serhetüsti derýalarda gurulýan desgalaryň ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan işledilmegine çagyrýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ‘biz siziň suwdan peýdalanmak hukugyňyzy ykrar edýäris, ýöne bu desgalara suw serişdelerinden peýdalanmakda ýokary hünäri bolan işgärleriň işe çekilmegini gazanmak isleýäris’ diýýär. Bu bolsa türkmen hökümetiniň “Talybanyň” kanal taslamasy bilen bagly howatyrlanmalaryny görkezýär” diýip, ekspert aýtdy.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti heniz halkara guramalary we daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmedi.

Türkmen metbugatyna görä, owgan wekiliýeti 4-6-njy mart aralygynda Aşgabatda bolup, Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we beýleki çärelere gatnaşdy, şeýle-de Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

“Talyban halkara derejesinde ykrar edilmedi, ýöne bu ýagdaý häzirki wagtda çal sebite (gümürtik meselä) öwrülip barýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Talyban wekilleri birnäçe ýurtda owgan ilçihanalaryny dolandyrýarlar... “Talyban” halkara derejesinde ykrar edilmese-de, näresmi taýdan ykrar edilýär. Şeýlelikde, olar kanuny hökümet hasaplanmaýar, ýöne hemmeler, hususan-da goňşular olary belli bir derejede resmi däl görnüşde ykrar edýär” diýip, Panniýer aýtdy.

Sebitde suw serişdeleriniň halkara hukugynyň kadalarynyň çäginde dolandyrylmagy, eksperte görä, sebit ýurtlary bilen Owganystany hem öz içine alýan täze halkara ylalaşygyny talap edip biler, ýöne “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň halkara derejesinde ykrar edilmezligi bu ylalaşygyň kanunylygyny çylşyrymlaşdyryp biler.

“Olar suw ylalaşygyna gol çekmeli bolar. Ýöne Owganystanda ykrar edilmeýän hökümet bar. Şonuň üçin ylalaşyga gol çekmek kyn. Hiç kim tarapyndan ykrar edilmeýän hökümet bilen gol çekilen ylalaşyk resmi dokument hökmünde kabul edilip bilnermi? Kanuny bolmadyk hökümet bilen gol çekilen ylalaşyk sözüň doly manysynda ylalaşyk bolup bilermi? Şonuň üçin, bu ýagdaý mesele bolmagynda galýar. Garaşyp, görmeli bolar! Ýöne, ýaňy hem aýdyşym ýaly, “Talyban” käbir hökümetler tarapyndan ykrarnama kabul etmäge golaýlaýar” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi halkara derejesinde ykrar edilmedik owgan häkimiýetlerini halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmäge çagyrýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw gatnaşyklary 1992-nji ýylyň fewralynda Gazagystanyň Almaty şäherinde bäş sebit ýurdunyň gol çeken suw ylalaşygy esasynda düzgünleşdirilýär.

Şeýle-de, Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanylmagy babatynda “Serhetüsti suw serişdelerini we halkara kölleri goramak we ulanmak” boýunça BMG Konwensiýasy amal edilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylda kabul edilen BMG Konwensiýasyna 2012-nji ýylyň awgustynda goşuldy.

Owganystan suw paýlaşmak boýunça, Eýrandan özge sebit ýurtlarynyň hiç haýsy bilen halkara ýa-da ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekmedi. Diňe Eýran bilen Owganystan arada 1973-nji ýylda Helmand suw paýlaşmak ylalaşygyna gol çekildi.

Bu aralykda, Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän ýurtlarda, hususan-da Türkmenistanda we Özbegistanda soňky ýyllarda suw ýetmezçiligi bilen bagly problemalar ýitileşýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan özüniň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýadan alýar. Bu derýadan gözbaş alýan Garagum kanaly ýurduň Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny suw serişdeleri bilen üpjün edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG