Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew 29-njy sentýabrda Kiýewde Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Mişenko bilen duşuşyp, türkmen kärhanalarynyň ukrain bazarynda, ukrain kärhanalarynyň Türkmenistanda işlemegine goldaw bermegi maslahatlaşdy.
“Biznes Türkmenistan” bu maglumaty 30-njy sentýabrda, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Taraplar syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklary bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar, syýasy geňeşmeleriň geçirilmegine degişli tekliplere aýratyn üns berildi diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, Aleksandr Mişenkonyň, Ukrainananyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň adyndan, Toýly Ataýewe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýazylan gutlag hatyny gowşurandygy aýdylýar.