Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ÝB bilen ýene energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 25-nji martda Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrian bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy.

Habarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garalandygy bellenýär, ýöne anyk maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ulag-üstaşyr baglanyşygy ösdürmegiň möhümdigi bellenilipdir.

Gepleşikleriň gün tertibinde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler aýratyn orun aldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyp, ÝB-niň Türkmenistanda we sebitde ýaşlary goldamaga, durnukly energetika, söwda, sanly özara baglanyşyk we beýleki ugurlara gönükdirilen maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere hem degip geçiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG